Gurban baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde çäre geçirildi
Gurban baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilen çärede pars dili öwrenijilere ýagny pars dilini üstünlikli öwrenenlere şahadatnamalar gowşuryldy.
Gurban baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilen çärede pars dili öwrenijilere ýagny pars dilini üstünlikli öwrenenlere şahadatnamalar gowşuryldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallasy bilen, 17-nji iýul, anna güni, Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Aşgabatda uly dabara geçirildi we Medeniýet merkeziniň tanymal pars öwrenijileri Türkmenistanda okuw kursuny gutarandygy barada şahadatnama bilen sylaglandylar. Medeniýet işleri boýunça geňeşçi Nawid Räsuliniň, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary Mahmud Sadeginiň, Eýranly diplomatlarynyň, Türkmenistanyň käbir medeni we ylmy hünärmenleriniň, Türkmen raýatlarynyň, Aşgabatda ýaşaýan eýranlylaryň şol sanda pars dili öwrenijileriniň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda bu dabarada Medeniýat merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Mukaddes Gurhan - Kerimden aýatlar okalandan soň, Nawid Resuli çärä gatnaşyjylara hoş gelsin aýtdy we Gurban baýramyny gutlamak bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu çäräni gurnamaga gatnaşan pars dilini öwrenijilerine sag bolsun aýtdy.
Ol öz çykyşynda : “Gurban baýramyny her ýyl Zul-Hijja aýynyň onunjy gününde geçirilýän arassalygy, gurbanlygy we Gudratygüýçli Allaha bolan söýgini ýatladýar” diýip belledi.
Eýranyň Türkmenistandaky medeni işler boýunça geňeşçisi, Gurban baýramynda Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurdunyň arasyndaky medeni umumylyklary barada aýdyp, şeýle diýdi: "Gurban baýramy iki ýurduň hormatlanýan wakalarynyň biridir, bu baýram aýratyn däp-dessurlar bilen bellenilip geçilýär we Iki ýurduň medeniýetinde uly orny bar ".
Jenap Rasuli, Gurhanyň ynsanlaryň gurbanlygy we takwalygy hakyndaky aýata salgylanyp şeýle diýip belledi: Yslamyň adamlaryň ewolýusiýasy we ösüşi baradaky taglymatlarynyň arasynda ýaşaýyş we emläk gurbanlygy ýeke-täk Taňrynyň ýolundadyr. Diýmek, adam ähli baýlyklaryny we mal- mülküni Alla tagallanyň amanaty hasaplamaly we onuň bendesi hökmünde ullanmaly. Gurbanlyk, baglanyşyklary we garaşlylygy kesmegiň nyşanydyr we hakyky söýgüli we Gudratygüýçli Allanyň razylygy üçin janyny we emlägini pida etmegiň nyşanydyr. Şonuň üçin gurban bermekde işiň daşky görnüşi haýwanlary soýmak bolsa-da, emma meseläniň hakykaty, ynsanyň Rebbine söýgi we mähirdir; Aslynda, gurban bermek dünýewi we maddy baglanyşyklary aýyrmak üçin duýgur duýgularyňy gurban etmegiň nyşanydyr.
Ol öz çykyşynyň soňunda Serdar Berdimuhammedow Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine Medeniýet merkeziniň işlerini ilerletmek ugrunda, medeniýetleri, iki döwletiň arasyndaky arabaglanyşygy has –da berkitmek ugrunda döretýän mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdyp sözüni jemledi.
Mahmud Sadegi Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary Gurban baýramyny gutlap, Ybraýym pygamberiň (as) hekaýasyny aýdyp, Gurban baýramynyň iki tarapyny görkezdi we şeýle diýdi: Gurban baýramynyň bir tarapy filosofiýa we beýleki tarapy onuň däp - dessurydyr. Ikisiniňem ýokary derejesi bar. Hezreti Hajar, Safa dagy bilen Marwanyň arasynda ogly Ysmaýyla suw berjek bolyp jan edýärdi. Bularyň hemmesi gurban bermek we Gudratygüýçli Hudaýyň huzurynda ynsanyň ýagdaýy bilen baglanyşykly hakykatlaryň kyssasydyr. Indi Gurban baýramynyň Haj däp-dessurlarynyň birine öwrülendigini görýäris. Ýagny, her bir Haj parzynyň bir bölegi, doly bendeligiň alamaty bolan Gurban baýramynda goýun soýmak arkaly amala aşyrylýar.
Şeýle – de jenap Sadegi öz çykyşynda maşgalaňa we goňşularyňa hormat goýmak ýaly dürli däp-dessurlar barada durup geçmek bilen, Gurban baýramynda şeýle diýdi: “Türkmenistanda bolan döwrümde Türkmenistanyň halkynyň bu ugurda däp-dessurlaryna gaty berk garaýandyklaryny gördüm.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň orunbasary Haj zyýaratynyň ähmiýetine ünsi çekip, şeýle diýdi: Türkmenistan döwletiniň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow, Mekgä we Medinä ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy, bu Türkmenistanyň halkynyň dini däp-dessurlara hormat goýýandygyny görkezýär.
Sadegi çykyşyny Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleriniň soňky üç hepdäniň dowamynda biri-biriniň ýurtlaryna eden saparyny ýatlamak bilen tamamlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasanam medeni gatnaşyklaryň ösmegine umyt bildirdi.
Tanymal türkmen suratkeşi Ýakup Halmyradow, Gurban baýramyny gutlady we iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge ep-esli kömek edýän şular ýaly çäreleri geçirendigi üçin Medeniýet merkezine minnetdarlyk bildirip, Gurban baýramynyň taryhyna ünsi çekdi we Türkmenistanyň halkynyň däp-dessurlary we Gurban baýramynda hünärmenleriň, folklor toparlarynyň çärelerde çykyş edýändiklerini belläp, şeýle diýdi: “Türkmenler Gurban baýramynyň öňüsyrasynda üç gün öň öýlerini arassalaýarlar, ýörite çörek we süýji - nygmatlary bişirýärler we goňşularyň arasynda paýlaýarlar, şeýle hem; Gurban baýramynda täze eşik geýýärler we her maşgala Gurban baýramy namazyndan soň mümkin boldugyça gurban berýärler. Gurbanlygyň etini üç bölege bölüp, bir bölegi özlerine goýup, ikinki bölegi goňşularyň arasynda we üçünji bölegi mätäçlere berýärler.
Şeýle – de çärede sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirildi, teswirli şekiller görkezildi, Eýranda we Türkmenistanda Gurban baýramynda türkmen halklarynyň medeni umumylygy baradaky makalalary okaldy, pars dilini tamamlanlara şahadatnama gowşuryldy, saýlanan pars dilini öwrenijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we çäräniň ahyrynda gatnaşanlara süýji – nygmatlar hödür edildi.
Filmler.