Gündogaryň beýik akyldary Nyzamy Genjewä bagyşlanan halkara webinar geçiriler
Gündogaryň beýik akyldary Nyzamy Genjewä bagyşlanan halkara webinar geçiriler
“Sungat - hekim Nyzamy Genjewiniň garaýşyndan” atly halkara webinar “Sura” Uniwersiteti tarapyndan we Ylmy we uniwersitetara hyzmatdaşlyk baradaky Baş müdirliginiň hyzmatdaşlygy we gatnaşmagy bilen geçiriler.

Bu webinar üstümizdäki ýylyň mart aýynyň 16-nda sagat 14:00-dan 18:00-a çenli içerki we daşary ýurt sungatynyň görnükli ussatlarynyň gatnaşmagynda şu aşakdaky mowzuklar boýunça geçiriler.
Webinaryň birinji bölüminde doktor Somaýe Remezan Mahi çykyş eder. Ol webinara gatnaşyjylary Nyzamy Genjewiniň “Tahmasb” atly hamsa eseri bilen tanyşdyrar. Webinaryň ikinji bölüminde doktor Meýsam Hasanhani Nyzamy Genjewiniň “Ýedi Peýker” poemasyna esaslanyp eýran koloristikasy barada “Hepdäniň ýedi güni - ýedi reňkiň öwüsgini” mowzugynda söhbet eder.
Webinaryň üçünji bölüminde Farzad Moafi çykyş eder. Onuň çykyşy Nyzamy Genjewiniň hamsa eserini - drama sungatynyň genji-hazynasydyr diýilen mowzuga bagyşlanar. Webinaryň dördünji bölüminde doktor Reza Mirmobin "Ahlak meseleleri, rowaýatlar, sungat - Nyzamy Genjewiniň nukdaýnazaryndan” mowzukly makala bilen çykyş eder.
Bäşinji bölümde Gazagystandan doktor Aýnaş Kasym çykyş edip Hekim Nyzamy Genjewi we onuň gazak edebiýatyna eden täsiri barada gürrüň berer. Webinaryň soňunda Seýid Jawad Jalali Kiasari, Firdöwsi bilen Nyzamy Genjewiniň meňzeşligi we utgaşdyrylyşy barada söhbet eder.
Bu webinara gatnaşmak isleýänler aşakdaky web sahypasyna ýüz tutup bilerler:
http://panel.soore.ac.ir/join/c58si
Webinara gatnaşmak hemmeler üçin tölegsizdir.
Filmler.