• Nov 3 2021 - 13:25
  • 418
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Farsi şygyýet we edebiýat güni geçirildi.

Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň medeni merkezinde Pars şygryýet we edebiýat hem-de, Ussat Şähriýary ýatlama güni mynasybetli ýörite dabara geçirildi.

Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň medeni merkezinde Pars şygryýet we edebiýat hem-de, Ussat Şähriýary ýatlama güni mynasybetli ýörite dabara geçirildi.

Bu meýilnana şenbe güni 18-nji sentýabrda, arassaçylyk düzgüniniň hemme talaplaryny berjaý etmek arkaly we ilçihahanyň hemme işgärleriniň we Türkmenistan döwletiniň hemme gatlagyndan bolan pars dilini öwrenijileriň ata-eneleriň hem-de eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlarynyň gatnaşmagynda Medenýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Gurhany Kerimden bölek okalandan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Nawid Rasuli myhmanlary garşy aldy we olaryň ünsini Pars poeziýasynyň we edebiýatynyň ähmiýetine çekmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medeni merkeziniň wezipelerinden biridigini aýtdy we Türkmenistanda iki ýurduň medeni umumylyklaryny göz öňünde tutup, Pasr dilini öwrenmekligiň Türkmenistanyň halkyna biziň ýurdumyzy has gowy tanamaga kömek edip biljekdigine nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeni geňeşçisi, taryhyň dowamynda eýranlylaryň resmi dili hökmünde ulanylýan pars diline hemişe üns berilmegini we XIX-XX asyrlarda türkmen edebiýatynyň nusgawy pars edebiýatyna edýän täsiri barada söz açdy. "Magtymguly Pyragy, Gaýypnazar Gaýyby, Gurban Ali Magrupy, Mesgengylyç we Nurmuhammet Andalyp" ýaly meşhur türkmen şahyrlarynyň pars edebiýatyny gowy bilendikleri we goşgularynda pars edebiýatynyň köp sözlelerini, mowzuklaryny, manylaryny we hyýaly görnüşlerini ulanandyklary barda aýtdy. Käbir türkmen şahyrlarynyň pars dilinde goşgulary-da bar. Bu mesele pars edebiýatynyň estetikasynda aýratyn möhümdigine göz ýetirmek bolýar; Türkmen şahyrlary we pars edebiýatynyň ýazyjylarynyň diwanlary we kitaplary bilen hem tanyşdyrlar we köplenç Attar, Nyzamy, Rumi, Hafez, Saadi we ş.m. ýaly şahyrlaryň goşgularynda we ideýalaryndan täsirlenipdirler. Magtymguly şahyr öz goşgularynda Kasas al-Anbiýa, Saadiniň Bossan, Ferdowsi Şanama, Madainiň goşgusy we Dört Makala eseri, şeýle hem Mizan al-Awali we Sagynama ýaly beýik pars şahyrlarynyň birnäçe kitaplaryna we diwanlaryna salgylanypdyr hemde, olardan köp täsirlenipdir.

Rasuli öz sözünde; Pars dili we edebiýatyndan täsir alan käbir türkmen şahyrlary barada durup geçdi ol: "Pars edebiýatynyň täsirine düşen başga bir görnükli türkmeniň meşhur şahyrynyň biri hem Gurbanalydyr. Ol özüniň Yusup   Ahmet eserinde köp pars sözlerini we söz düzümlerini ulanypdyr we bu bolsa onuň pars

dilini gowy bilýändigi we ussatlygy bilen baglanyşyklydyr. XVIII asyryň ýenede bir  beýik türkmen şahyrlaryndan biri hem Gaýypnazar Gaýybydyr.

Ol Türkmen liriki edebiýatyny esaslandyryjylaryň biri hasaplanýar. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň beýleki türkmen şahyrlaryndan tapawutlanýan faktor hem, onuň pars dilini doly we kämil bilýandigindedir. Onuň Pars dilinde ýazan goşgulary hem bar. Türkmen edebiýatynyň meşhur şahyrlaryndan bolan Nurmuhammet Andalybyň (1712-1780-nji ýyllar) şahyrana eserleri we edebi döredijiliginiň döredilmeginde Gündogar edebiýaty möhüm rol oýnapdyr. Andalyp öz goşgularynda pars we arap sözlerini we söz düzümlerini beýlekilere seredeňde has köp ulanypdyr. Egerde pars we arap sözleri we söz düzümleri bilen tanyş bolmadyklar üçin onuň goşgularyna düşünmek kyndyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň medeni geňeşçisi, nusgawy türkmen edebiýatynyň şahyrlarynyň estetika pudagynda pars edebiýatyna uly täsir edendigini belläp, munuň sebäbi türkmen şahyrlarynyň  bilim alanlarynda pars dilindäki edebiýat kitaplarynyň ýaýramagy hem-de, gymmat bahaly pars edebiýatyna, esasanam gymmat bahaly  pars poeziýasyna türkmen ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gyzyklanma bildirip, olarda galdyran täsiri sebäplidir. Bu meselä Eýranyň we Türkmenistanyň dost-doganlygynyň arasyndaky medeni umumylyklar hökmünde  seredilip, öwrenilmelidigini nygtap geçdi.

Nawid Rasuli çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkynyň pars dili we medeniýeti bilen has tanyş bolmagy üçin amatly şertleri döredendigi üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Şeýlede bu çäräni taýýarlamaga gatnaşan medeniýet işgärlerine we hormatly mugallymlara öz sag bolsunyny ýetirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary Mahmut Sadygy öz sözünde aragatnaşygy ýola goýmakda diliň täsiri barada şeýle diýdi: “Dil kem-kemden poeziýanyň we edebiýatyň hemde, sungatyň guralyna öwrüldi. Adamlara hyzmat eden sungat, gözellik we döredijilik  ajaýyplygy we dürli usullar bilen sungat, bilim, ahlak we terbiýe taýdan orny ýokary derejä eýedir."

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisiniň orunbasary sözüniň üstüni ýetirrip şeýle diýdi: "Diňe bir pars dilindäki dälde eýsam, beýleki dillerdäki ýazylan goşgulara we olaryň mowzuklaryna üns berenimizde, olarda adamlara öwüt-nesihat ündelip, dini we gumanizm mekdebi bolan taglymatlary görýäris we ol goşgular okaýjylara has owadan we erkin dilde ýetirililýär."

Şahyryň we edebiýatyň ähmiýeti barada durup geçen Sadygy, poeziýanyň we edebiýatyň halklaryň arasynda baglanyşyk döretmäge we dostlugy berkitmäge kömek edýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasyny orunbasary Hafez, Saadi, Ferdowsi, Rumy, Nyzamy we ş.m. ýaly şahyrlaryň dünýä tarapyndan ykrar edilmegine ünsi çekip: “Bu şahyrlar bir dilde goşgy ýazsa-da, ähli halklara degişlidirler“ diýdi.

Sadygy çykyşyny Ussat Şahriýary ýatlamak we onuň goşgusyny okamak bilen tamamlady.

Dürli medeni we çeperçilik programmalarynyň ýerine ýetirilmegi, pars poeziýasy we edebiýaty barada suratly şekilleriň görkezmegi, professor Muhammet Huseýin Şahriýar,  şahyra Parwin Etesami, Kaýsar Aminpur, Nyzamy Genjewi we ş.m. ýaly meşhur pars edebiýatynyň beýik şahyrlarynyň goşgularyny we olar barada makalalary okamak bilen, hemde ýerli ýaşaýjylardan bolan pars dilini öwreniji okuwçylaryň ýerine ýetirilen sahnasy hemde başga-da dürli programmalary ýerine ýetirmegi bilen çäre dowam etdirildi.

Çäräniň soňunda ýeňijilere baýraklar gowşurmak dabarasy we hödür-kerem bilen pars poeziýasy we edebiýat güni tamamlandy.

{"status":"error","msg":"The system cannot find the file specified:D:\website\icro.ir\tes"}

 

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: