• Jun 22 2024 - 14:42
  • 211
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

EYR-nyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Gurban baýramy bellendi

Gurban baýramy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi.

Gurban baýramy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi.

17-nji iýunda Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň diplomatlary, Türkmenistanyň ýaşaýjylary, pars dili öwrenijileri we olaryň ene – atalary, Aşgabatda ýaşaýan eýranlylar gatnaşdy. Dabaranyň başynda Gurhan – Kerimden aýat okaldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani sözüniň başynda hemmeleri Gurban baýramy bilen gutlap, Gurban baýramynyň hakykat ýüzünde Ybraýym pygamberiň uly ylahy synag bilen ýüzbe-ýüz bolýan gününi ýada salmaklygyna ünsi çekip, şeýle diýdi: Gudratygüýçli Hudaý Tagalla Gurhany kerimde Safat süresinde şeýle  diýýär: "Biz oňa, eý, Ybraýym (104), düýşüňi hakykatdanam amala aşyrdyň (we buýrugymyza boýun bolduň), dogruçyllary biz şeýle sylaglaýarys (105), bu aýdyň synag boldy (106)". Hudaýyň aýdyşy ýaly, bu waka Hezreti Ybraýyma (a.s.) imanyny subut etmek üçin synag boldy we ol bu synagdan üstünlikli geçdi.

Ol Türkmenistanly eziz doganlarynyň ýanyndalygyna begenýänligini belläp, sözüni dowam etdi: Indi müňlerçe ýyl geçsede, bu däp-dessurlar Perewedigärä teslim we boýun bolmagyň nyşanyna öwrüldi. Her ýyl Gurban baýramynda millionlarça musulman bu güni belleýär we gurbanlyk bermek we mätäçleriň arasynda et paýlamak bilen, Rebbiň huzurynda kiçigöwünliligi we garyplara ünsi jemleýär. Gurban baýramynyň bellenilýän we halkynyň däp-dessurlary berjaý etmäge, gurban kesmäge we mätäçlere kömek etmäge çalyşýan ýurdynda bolýandygyma Hudaýa şükür edýärin.

Ilçi Gurban baýramy we parz bolan Hajy zyýaraty musulmanlaryň arasynda agzybirligiň we duýgudaşlygyň beýanydyr diýip, şeýle diýdi: Her ýyl Hajy zyýaratynda millionlarça musulman ýygnanyp, dil, tire- taýpa we dini tapawutlaryny gyra goýup, agzybirlige  çagyrýar. Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneýi, musulmanlara her ýyl Hajy zaýaratyndan öň öz çykyşynda has agzybir we dogan bolmagyny maslahat berýär. Eýranyň we Türkmenistanyň ýurt ýolbaşçylarynyň taýsyz tagallalary bilen iki ýurduň gatnaşygy musulman ýurtlarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň beýik nusgasyna öwrülendigi meni diýseň begendirýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda iki dostlukly we dogan ýurt bolan Eýran we Türkmenistanyň Hajy zyýaratynyň we bu baýramyň bereketlerinden peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda has köp ädim ädiljekdigine umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli  hemmeleri Gurban baýramy bilen gutlap we hoş geldiňiz diýip, şeýle – de Gurban baýramyny we Hajy zyýaratyny Eýranyň we Türkmenistanyň medeni we dini umumylyklaryndan biri hasaplap şeýle diýdi: Yslamyň ynsanlaryň ösüşi we kämilleşmegi, diňe Hudaýyň hatyrasyna janyňy we baýlygyňy bagyşlamak baradaky taglymatlarynyň arasynda Gurban baýramy bar. Diýmek, adam ähli baýlyklaryny we mümkinçiliklerini Alladan gelen amanat diýip hasaplap, bendelik ýoly üçin harjamaly. Gurbanlyk, baglanyşyklary we garaşlylygy kesmegiň nyşanydyr we hakyky söýgüli we Gudratygüýçli Allanyň razylygy üçin adamyň janyny we emlägini pida etmegiň nyşanydyr. Gurban baýramynda hemmeleriň jemlenişmegi, musulmanlar üçin iň möhüm we iň uly baýramlarynyň biri hökmünde Yslamyň iň möhüm jemgyýetçilik buýruklaryndan biri bolan Habalullaha (Hudaýyň ýüpüni tutmak (ýetmek ýoludyr.

 Ol sözüni dowam edip Gudratygüýçli Alla üçin gurbanlygy bermekligiň we Gurhanda aýdylanlara salgylanyp, şeýle diýdi: Gudratygüýçli Hudaý gurban bermek ýörelgesini imanlylara hormat we minnetdarlygyň alamaty hökmünde girizdi we gurban berijini topara we haýyr-sahawatçylaryň we gowy adamlaryň köpüsine goşdy. Gurhanda şeýle diýilýär: "Gurban bereniňizde, gurbanlygyň eti we derisi däl-de, takwalygyňyz Hudaýa degişlidir" (Haj 37-nji aýat). Şonuň üçin gurban kesilende, daşky görnüşi kelläni kesmek bolsada; emma onuň hakyky tarapy, bendesiniň Ýaradana boýun bolmagy, hormaty, söýgisi we mähiri; Başga bir söz bilen aýdylanda, gurban bermek bilen "Taňrynyň rehim-şepagatyna ýetip bolar" (Haj, 97 we 98); "Mätäçleri iýmitlendirmek bilen ol hoşniýetli adamlaryň birine öwrüldi" (Haj, 36 we 37) we "Taňrynyň bagyşlamagyndan peýdalandy" (Maeda, 97 we 98).

Ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Gurban baýramynyň Eýran we Türkmenistan ýaly dünýäniň dürli sebitlerinde ýörite dabaralar we däp-dessurlar bilen bellenilýänligine ünsi çekip, şeýle diýdi: Eýran we türkmen halkynyň, aýratyn däp-dessurlaryna görä, gurban baýramyndan has öň oňa taýynlyk görülip başlanýar we bu däpler-  taýýarlyk gurbanlyk mal satyn almak bilen başlaýar. Öýi abatlamak, arassalamak, ýuwmak, suwa düşmek we arassalanmak iki ýurduň halkynyň Gurban baýramyndan öň ýerine ýetirýän däpleriniň biridir. Bu däp-dessurlaryň hemmesi bu iki goňşy ýurduň halkynyň ýakynlygyny we garyndaşlygyny görkezýär. Bu baýramçylygy geçirmegiň usulynda her sebitiň ýaşaýjylarynyň dürli däp-dessurlarynyň barlygyny görmek bolýar, ýöne bu baýram has çuňňur gatlaklarda we Gurban baýramyny bellemegiň gadymy däp-dessurlaryna laýyklykda biri-birine meňzeýär.

Gurban baýramynyň bellenilişindäki umumy däpler barada goşgy, makala, sahna oýuny, aýdym, wideoşekil, ýaryş, ýadygärlik sowgat bermek we hemmelere hňdür etmek bilen dabara dowam etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: