Eýranyň we Türkmenistanyň zenan hünärmenleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi
Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan hünärmenleriniň bilelikdäki döredijilik maslahaty geçirildi.
Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan hünärmenleriniň bilelikdäki döredijilik maslahaty geçirildi.
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan hünärmenleriniň bilelikdäki “Nakgaşlyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny” atly döredijilik maslahaty Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri Orazow Ismailyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, diplomatlaryň, iki ýurduň Eýranyň we Türkmenistanyň hünärmenleriniň gatnaşmaklygynda geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri Orazow Ismail iki ýurduň Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň dostlugyna ünsi çekip şeýle diýdi: Sungat terjimä mätäç däl, ol ähli görünýän zatlary öz ýagtylygy bilen beýan etýär.
Ol sözüni dowam edip her döwletiň medeniýeti barada hem belläp geçdi: Her döwletiň däp – dessury onuň medeniýetinde aýdyň beýan edilendir we Türkmenistanyň däp dessuryny hem onuň medeniýetinde görüp bolar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli täze milady ýylyň ilkinji günlerinde Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan hünärmenleriniň bilelikdäki sergisiniň we maslahatynyň geçirilmeginiň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň medeniýet we sungata bolan ünsiniň we hyzmatdaşlygy berkitmeklige edýän täsiriniň beýany diýip belledi.
Ol sözüniň dowamynda sungaty milletleriň ýakynlaşmagyndaky ajaýyp nusga diýip, şeýle diýdi: nakgaşlyk we surat jemgyýet bilen gatnaşygy ýola goýmak üçin dörän ilkinji we sada sungatdyr. Nakgaş hünärmen bu jahany synlaýar we akyly, duýgusy, bilesigelijilikli gözleri bilen ony barlagdan geçirýär we öz netijesini reňkli eser hökmünde ýa-da şekilsiz reňkli görnüşlerde döredýär. Birnäçe nakgaş hünärmenler halkara festiwallarda gatnaşyp, öz eserlerini gazybirlik, dostluk we milletleriň gatnaşygy temalarynda döredendirler we halkara derejesinde döwletleriň aragatnaşygynyň berkemeginde orun eýeleýärler we ol nakgaş hünärmenleriň aglaba bölegi hem zenanlardyr.
Ol sözüni dowam edip, iki ýurduň birek – biregiň medeniýeti bilen gadymdan tanyşlygyna we medeniýet – sungata degişli çäreleri geçirilişi barada şeýle diýdi: Hazar deňziniň golaýyndaky oba – şäher ýerleriniň şol sanda Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň amaly – haşam sungaty barlag edilende suratlar, dizaýnlar we reňkleriň umumylygy anyklanyldy. Iki ýurduň hünärmenleriniň eserlerinde suratkeşleriň maşgala, daşky gurşaw, däp-dessurlary gorap saklamak ýaly meselelere ähmiýetini, Eýran we Türkmenistanyň halklarynyň umumylyklaryna ünsi aýdyň görmek bolýar.
Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň zenanlarynyň şular ýaly medeni çäreleri geçirmek bilen iki ýurduň aragatnaşygyna uly orun eýelejekdiklerini umyt etýändigini belledi.
Soňra ýurdumyzyň hünärmeni Minu Ämini öz makalasybilen çykyş etdi: sungat bu gepleňik üçin mümkinçilikdir. Suratkeş her näçe sessizlikde bolsa, bu ylham üçin mümkinçilikdir. Suratkeşler durmuşyň hakykatyny suratlandyrýarlar.Biziň bihabar hakykatymyz. Hakykaty ýaýratmak dünýäde parahatçylyga we dostluga kömek edýär. Suratkeşler dünýädäki parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky baglanyşykdyr.
Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjan Kadyrowa öz üykyşynda türkmen nakgaşlygyndan nagyşlar we zenan hünärmenler tarapyndan döredilýän sungat eserleri we olarda gadymy nagyşlaryň we sungat esbaplarynyň ullanylyşy gadymy usullaryň täzeçil görnüşde ullanylyşy barada belläp geçdi.
Setarnejad Roghayeh ýurdumyzdan gelen ýene bir hünärmen öz çykyşynda nakgaş we nakgaşlyk sungaty barada belläp geçdi: nakgaşlyk sungaty ýazuwdan 6 esse gadymy sungatdyr we nakgaşlyk sungaty gürleşiji ýaly sözsüz, ýöne sözlerden doly, tomaşaçynyň ruhy we jany bilen aragatnaşyk saklaýar.Surat çekmek wezipesi ähli ugurlarda agyr wezipe bolup, suratkeş galamy we boýagy bilen köp sanly medeni we jemgyýetçilik meseleleriniň beýan edijisi bolup biler.Suratkeş käwagt suratdaky gözelligi, käte medeni bidüzgünçilikleri suratlandyrýar.
Suratkeş jemgyýetçilik, medeni we halkara syýasy kyssaçy bolup biler, käwagt suratkeş tebip bolup, ynsanyň bedeni we ruhy üçin iýmitleri suratlandyrýar. Ýurduň ajaýyp milli däp-dessurlaryny öz eserinde beýan etýär, jemgyýetiň duýgularyny, dabaralaryny, däp-dessurlaryny beýan edip biler we syýahatçylary öz ýurdunyň owadan giňişligine çekmek üçin hekaýatçydyr. Suratkeşiň galamynyň dili käwagt ajylyga garşy nägilelik dili, käte gözelligi boýun almagyň dili bolup durýar. Agaçlary çekýän eller agaçlary taşlaýan ellerden tapawutlanýar. Suratkeş adamy daşky gurşaw bilen ýaraşdyrmaga synanyşýar we täsin mugallym bolan tebigatdan ylham alýar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa amaly – haşam sungaty barada belläp geçdi: zenan hünärmenler diňe öýde, maşgalada geljekki nesilleri terbiýelemek bilen meşgullanmaýarlar. Zenan hünärmenleriň döredýän eserleri örän ýokary derejä ýetdi we sungatyň ýokary derejesini görkezýär.
Zeýnep Şahi ýurdumyzyň hünärmeni sungatyň ähmiýeti barada şeýle beýan etdi: Sungat halklaryň şahsyýetiniň we umumy diliniň bir bölegidir we ýüreklerde estetika, dostluk we rahatlyk duýgusyny oýaryp biler. Agzybirligi, parahatçylygy we duýgudaşlygy getirýän sungat. Siwilizasiýalaryň ýaýramagynda we olaryň ösmeginde möhüm orny eýeleýär.
Ol sözüni dowam edip altyn bilen bezemek sungatynyň taryhy barada hem belläp geçdi: Ýakynda bir wagtlar Eýranyň giň topragynyň bir bölegi bolan Eýran, Türkiýe, Täjigistan, Özbegistan we Azerbaýjan ýurtlarynyň adyny göterýän altyn bilen bezemek sungaty ÝUNESKO guramasynyň maddy däl mirasynyň sanawynda hasaba alyndy.
Şahi sözüniň soňunda altyn bilen bezemek sungatynyň manysy barada hem aýdyp geçdi: Täzhib (altyn bilen bezemek) sözüni "bezemek" hökmünde hem düşünip bolar, sebäbi onuň esasy maksady kitaplaryň sahypalaryny, kalligrafiýa eserlerini we suratlaryň gyralaryny, esasanam Mukaddes Gurhanyň sahypalaryny bezemekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Jeren Baltaýewa hem öz çykyşynda Türkmenistanda amaly – haşam sungatynyň orny we zenan hünärmenleriň “zenanyň durmuşy, ene mukaddesligi, perzendi terbiýelemek, watana söýgi, gymmatlyklar, milli miras, türkmen halkynyň medeniýeti” ýaly eserler bilen halkara sergilerde gatnaşmaklygy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň zenanlarynyň bilelikdäki sergisi, maslahaty we ussatlyk sapagy Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 5-nji ýanwara çeli dowam etdi.