• Nov 2 2024 - 10:54
  • 9
  • Okamak üçin wagt : 9 minute(s)

Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki ikinji syýahatçylyk festiwaly

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň we amaly – haşam sungatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň we amaly – haşam sungatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy.

    22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň sergiler zalynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradowyň,  Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuliniň we Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň 23 sany syýahatçylyk we amaly – haşam sungatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy.

Çäräniň başynda Akynyýaz Agamyradow hemmelere hoş geldiňiz diýip, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi bilen gutlap, şeýle diýdi: Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy çalt depginler bilen öňe barýar. Çünki syýahatçylyk pudagy islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň bir bolşy ýaly biziň ýurdumyzda hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda gadymy taryhy ýadygärliklerimiz bolan “Nusaý”, “Köneürgenç”, Gadymy Merw, taryhy-medeni döwlet goraghanalary görmäge we ýurdymyzyň häzirki gözel keşbini synlamaga isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany gün-günden artýar.

Ol sözüni dowam etdi: Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäginde ilkinji halkara ugurlary çekilipdir, gadymy wagtlarda biziň ülkämizi “dünýäniň ýedi ýolunyň çatrygy” diýip atlandyrylypdyr.  Ol Gündogar bilen Günbatary birikdiren Beýik ýüpek ýolunyň merkezi bolupdyr. Häzirki döwürde Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda täze ykdysady gatnaşyklar emele geldi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýäniň ösen ýurtlarynda mahabatlandyrmak we daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmek, Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän doganlyk ýurtlar bilen syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak biziň maksadymyz bolup durýar. Bu bolsa geljekde ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny kämilleşdirnşmäge uly mümkinçilikler döreder.

Agamyradow sözüniň soňunda şeýle diýdi: Syýahatçylyk ulgamynyň halkara derejesinde geçirilýän her-bir çäresi oňa gatnaşýan ýurtlaryň bütindünýä syýahatçylyk bazaryna işjeň gatnaşmagyna, birek-birek bilen tejribe alyşmaklyga, işewür gatnaşyklary ýola goýmaklyga uly mümkinçilikler döredýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani çäräniň açylyşynda şeýle diýdi: Syýahatçylyk pudagy medeni we jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan seredilip bilinjek köptaraply ugur bolup, medeni alyş-çalyş we medeniýetleriň arasynda tanyşlyga sebäp bolýar, şeýle – hem başha bir tarapdan, ykdysady tarapy hem bellärlikdir, bu ýurtlaryň arasyndaky ykdysady alyş-çalşy artdyrýan we girdeýjili pudaga öwrülip, ykdysatçylar ony göze görünmeýän eksport diýip atlandyrýarlar.

Ol sözüni dowam etdi: Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl bir ýarym milliarddan gowrak adam bütin dünýä syýahat edýär we bu pudagyň girdejisi iki trillion dollar diýlip çaklanylýar. Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagynyň orny bütin dünýädäki iň uly hyzmat pudagy hökmünde tanalýan derejä ýetdi, şonuň üçin dünýädäki her on işden biriniň syýahatçylyk bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

Ruzbahani sözüni dowam etdi: Eýranda syýahatçylyk, ykdysadyýete, medeniýete we jemgyýetçilik ösüşine möhüm täsir edýän ýurtdaky iň uly we köp ugurly ykdysady pudaklardan biridir.  Eýrana, dünýäde gadymy gözel ýerleriň onunjy orny we dünýädäki tebigy gözel ýerleriň bäşinji ornunyň degişlidigini göz öňünde tutup, medeniýet, taryh, tebigat, etnik we jemgyýetçilik gözel ýerleri boýunça syýahatçylar üçin möhüm ýerleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynda syýahatçylyk pudagynda bir ýarym million töweregi adam işleýär we her ýyl bu ýurda 7 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçylar Eýrana biziň ýurdumyzyň hormatly myhmanlary bolup gelýärler, bu syýahatçylaryň 50% -den gowragy zyýarat etmek maksady bilen we käbirleri medeni, taryhy gezelenç we bejergi üçin Eýrana sapar etýärler.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi çykyşynyň soňunda şeýle diýdi: Ikitaraplaýyn ugur bilen baglanyşyklylykda, Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan soňky ýyllarda, hususan-da soňky bir ýylda medeni hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk pudagynda uly ösüşe eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň bu ösüşini iki ýurduň arasyndaky adamlar bilen alyş-çalyşlarda, şeýle hem türkmen raýatlarynyň Eýrana syýahatynda, dürli syýahatçylyk, medeniýet - sungat festiwallarynda, Nowruz  baýramçylyk çärelerinde we medeniýet günleriniň çäginde görmek bolýar.

Türkmenistanyň Medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy Arslan Holjanow hem çykyş etdi: Medeniýet hemişe halklary birleşdirýän köpri bolupdyr, we şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar çuňňur taryhy kökleri bar. Asyrlarboýy biziň halklarymyz medeni däp-dessurlary, dilleri, sungaty we taryhy bilimleri özara alyşypdyrlar. Medeni çäreler, sergiler, festiwallar we konsertler ýaly medeni çäreler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Mysal üçin, sungat we saz bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalar medeni alyş-çalyşy ösdürmäge hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga kömek edýär. Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamak babatynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, bu bilelikdäki barlaglar we biziň umumy taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän sergiler bilen alyş-çalyşy öz içine alýar.

Ol sözüni dowam etdi: Biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýahatçylygy ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistan, Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly täsin taryhy ýadygärlikler toplumlary bilen, şeýle hem tebigatynyň gözelligi we myhmansöýerligi bilen meşhurdyr. Eýran hem, öz gezeginde, Persopolis we Ispyhan ýaly medeni gymmatlyklary bilen dünýä belli. Bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary diňe bir ýerli däl, eýsem halkara syýahatçylaryny hem özüne çekip, ykdysady gatnaşyklaryň we medeni alyş-çalyşyň ösmegine uly goşant goşup biler.

Türkmenistanyň Medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy sözüniň soňunda ňeýle diýdi: Biziň medeni we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygymyz, taryhy däplerimize we häzirki zaman gatnaşyklarymyza esaslanýan, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we birek-birege düşünmegi berkitmegiň möhüm ädimi bolup durýar.

Ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasulihemmelere hoş geldiňiz diýip, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi bilen gutlap, şeýle diýdi: Ähliňiziň bilşiňiz ýaly, syýahatçylyk pudagy häzirki wagtda bütin dünýäde möhüm ugurlaryň biri bolup, ykdysady we sosial ähmiýeti sebäpli köp ýurtlar oňa gün-günden has köp üns berýär. Başgaça aýdylanda; Syýahatçylyk pudagy girdeji gazanmaklykda dünýäniň iň uly hyzmat ediji pudaklarynyň biri hökmünde tanalýar. Şeýlelik bilen yglan edilen maglumatlara görä, dünýäniň umumy hyzmat ediji söwdasynyň üçden biri bu ugura degişli bolup durýar. Bu pudagyň ösüşi elmydama daşky gurşawa, medeni, jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady täsirlere eýe boldy.

Rasuli sözüni dowam etdi: Eýran we Türkmenistan, iki goňşy ýurt hökmünde dünýäde syýahatçylyk pudagynda möhüm mümkinçiliklere eýe. Bu mümkinçilikler, taryh, däp-dessurlar we umumy medeniýetimiz bilen garyşandygyna has-da aýdyň göz ýetir ip bolýar. Bu medeni çäräni geçirmekligiň maksady, medeni umumylyklarymyzy göz öňünde tutup, bu ugurda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri has köp tanatmak we tanamakdyr.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi, şular ýaly medeni çäreleriň geçirilmegi Eýranyň we Türkmenistanyň halkalrynyň arasyndaky bar bolan dostluk we garyndaşlyk gatnaşygyny has-da ýakynlaşdyrar diýip umyt edýärin – diýip sözüni jemledi.

Iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň sergisine baryp görmek we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, eýran we türkmen tagamlaryny dadyp görmek bilen bu dabaraly çäre dowam etdi.

Belläp geçsek, Eýran bilen Türkmenistanyň ikinji bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly üç gün 24-nji oktýabrda çenli dowam edýär; Syýahatçylyk festiwalyna Fotros, Eýran Merkez, Hawar Seýr, Alam Geşt, Sina Seýr, Golbžrg, Hürşid Hawar Seýr, Çe Habar Safar, JTrip, Adham, Amirgaşt, Živar we Amiran myhmanhanasy, senetçilik söwdagärleri we Türkmenistanyň 11 syýahatçylyk kompaniýasy bar.

Şeýle hem bu dabaraly çärä Rossiýanyň, Azerbeýjanyň, Päkistanyň, Ýaponiýanyň, Şzbegistanyň, Palestinanyň ilçileri we Liwiýanyň we Birleşen Arap emirlikleriniň diplomatlary gatnaşdylar.

   

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: