• Mar 26 2022 - 10:08
  • 408
  • Okamak üçin wagt : 7 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezi, “haft sin” saçagyny bezemek bilen, Nowruz baýramy mynasybetli ýörite dabara geçirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde  Nowruz baýramy mynasybetli  dabara geçirildi

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky  ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezi, “haft sin” saçagyny bezemek bilen, Nowruz baýramy mynasybetli  ýörite dabara  geçirdi.

Bu dabara  21-nji martda, duşenbe güni, geçirildi.  Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgalalary, pars dilini öwrenýän  okuwçylar  we olaryň ene-atalary, Türkmenistanyň medeniýet we ylym işgärleri we Aşgabatda ýaşaýan eýranlylar  gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Gurhany kerimden aýatlar okaldy. Şondan soň jenap Nawid Rasuli myhmanlary Nowruz baýramy mynasybetli we jenap Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti hökmünde saýlanmagy bilen gutlap, bu dabaranyň geçirilmeginiň esasy maksady iki ýurduň umumy medeni gymmatlyklara sarpa goýmak diýip, belledi.  “Nowruz, ýagny  täze gün, täze ýyl diýmekdir. Eýran senenamasyna görä bu gün Täze ýylyň başlanmagyna gabat gelýär. Nowruz mart aýynda  bahar paslyndaky  gije-gündiziň deňleşmegi bilen başlaýar. 2009-njy ýylda  Nowruz baýramynyň ähmiýeti resmi taýdan ykrar edilip,  adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Mundan başga-da, 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Nowruz  "Halkara Nowruz güni we bütin dünýäde parahatçylyk medeniýeti güni”  hökmünde yglan edildi, şeýle hem     BMG-a agza ähli ýurtlar öz resmi senenamalarynda  21-nji marty  Nowruz güni hökmünde bellemäge we Nowruz baýramçylygyň medeniýetini we däp-dessurlaryny  ýaýbaňlaşdyrmaga borçly diýilip yglan edildi.  Nowruz -  adamzadyň iň uly we gadymy maddy däl mirasynyň biri hökmünde  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hasaba alyndy we 11 ýurduň gatnaşmagynda bellenilýär, bu ýurtlar aşakdakylardan ybaratdyr: Eýran, Türkmenistan, Hindistan, Päkistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan, Owganystan we Yrak ” diýip,  jenap Rasuli gürrüň berdi.

Nowruz baýramy  topragymyza we tebigatymyza sarpa goýýandygymyzy aňladyp, topragymyzyň  berekedini  ýada salýan baýramçylyk diýip, geňeşçi  belledi we sözüni dowam etdi: “Nowruz  halklaryň,  dinleriň, garyndaşlaryň  arasynda  parahatçylygyň we dost-doganlygyň  buşlukçysy  bolup durýar,  şeýle hem  halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlykda  uly  ähmiýete eýedir. Hakykatda,  biziň döwrümizde gadymy Nowruz  halkara medeniýet, parahatçylyk we dostluk güni hökmünde bellenilýär”.

Soňky müňýyllykda  Nowruz bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň ösüşi we giňelmegi bilen  täze  jemgyýetçilik, medeni we dini şertleriň olara edýän täsiri barada  aýdyp,  jenap Rasuli şeýle diýdi:  “Giň medeni özboluşlylygy  we dürli däp-dessurlary bilen Nowruz baýramy  bu umumy mirasa eýe bolan halklaryň biri-biriniň medeniýeti bilen tanyşmaklaryna  we  ýakynlaşmaklaryna  badalga berýär”.

Nowruzyň birnäçe däp-dessurlaryna we Eýran bilen Türkmenistanyň taryhynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň ýakynlygyna ünsi çekip, geňeşçi sözüni dowam etdi: “Iki ýurduň medeniýetlerinde köp umumylyk bar. Nowruz -  iki ýurduň bilelikdäki baýramçylyklaryň biridir. Türkmenleriň ata-babalary hem  Nowruz mynasybetli  toý tutup,  ony bereketliligiň, bol-elinligiň we asudalygyň nyşany hökmünde hasaplapdyrlar. Türkmenistanyň halky, Eýranyň halky ýaly Nowruzyň öňüsyrasynda hoşallyk bilen öýlerini tämizleýärler, ýörite tagamlary taýýarlaýarlar, owadan täze eşik tikinýärler, süýji nygmatlar bilen  hödür-kerem edýärler, myhmançylyga gidýärler, semeni taýýarlap, gögeren ösümlikler bilen  toý saçaklaryny  bezeýärler.

Sözüniň ahyrynda  Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  Covid wirusynyň ýakyn wagtda ýok bolmagy  we  çäklendirimeleriň ýatyrylmagy bilen,  Eýranyň senenamasy boýunça täze ýylda iki dost-dogan bolan ýurtlar  Eýran bilen  Türkmenistanyň tagallasy bilen ähli ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ädimleriň ediljekdigine umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi hem öz gezeginde dabara gatnaşanlaryň hemmesini Halkara Nowruz baýramy hem-de  üstünlikli geçirilen saýlawlaryň netijesinde  jenap Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti hökmünde saýlanmagy bilen gutlap, şeýle diýdi: “Nowruz – ýaradylyşyň  baýramydyr. Hakykatda, Nowruz tebigatyň täzeden janlanmagynyň, durmuşyň  täzelenmeginiň  we gülläp ösmeginiň, parahatçylygyň, ylalaşygyň we dostlugyň baýramydyr. Onuň ýörelgeleri  yslam dininiň, şeýle hem  ähli halklaryň medeniýetleriniň  we däp-dessurlarynyň  ýörelgeleri bilen gabat gelýär. Nowruz -  tebigatyň oýanmagynyň we baharyň başlangyjydyr. Bu gözelligiň baýramy we ahyrky netijede umyt baýramydyr. Ajaýyp geljege we ähli medeniýetlerde sarpa goýulýan gymmatlyklardan we  gowulyklardan doly bolan  dünýä umytdyr ”. 

Nowruz  baýramçylygyň  häzirki zamanamyzdaky  şöhraty we  bütin dünýäde ýaňlanýan owazy, dünýäniň ençeme halklary tarapyndan ykrar edilmegi  hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň rezolýusyýasy bilen  “Halkara Nowruz güni”  hökmünde yglan edilmegi barada aýdyp, jenap Sadegi sözini dowam etdi: “Nowruzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär.  Nowruz baýramynyň ilki dörän ýeri biziň topragymyzdyr. Sebitimiziň halklary Nowruzyň däp-dessurlaryny şu güne çenli saklap geldiler. Biziň ata-babalarymyz, ýagny eýranlylar, türkmenler, täjikler, owganlar we bu sebitiň beýleki halklary Nowruzy  dabaraly  belläpdirler.  Şol sebäpden  häzirki nesil üçin Nowruzyň özboluşly däp-dessurlary gymmatly medeni miras bolup durýar”.

Soňra bolsa jenap Sadegi eýranlylar bilen türkmenleriň arasyndaky  umumy medeni däp-dessurlary barada aýdyp, şeýle hem sebitdäki ähli döwletleriň Nowruzy  dabaraly bellemek üçin edýän tagallalaryny  nygtamak bilen, şu aşakdakylary beýan etdi: “Sebitiň ähli  döwletleriniň  Nowruz baýramyna resmi derejede uly üns berýändikleri  begendirýär. Sebitiň döwlet baştutanlary Nowruz baýramy mynasybetli birek-birege gutlag hatlaryny ýollamak bilen,  bu mümkinçiligi  birek-birege  bolan hoşniýetliligi ýene-de bir gezek  bildirmek üçin  amatly pursat hökmünde hasaplaýarlar.

E.Y.Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Nowruza uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen,  Eýranyň käbir däp-dessurlaryny sanap geçdi we sebitiň halklaryna, ylaýta-da  Eýran bilen  Türkmenistanyň halklaryna bagtyýarlyk  we abadançylyk arzuw etdi.  Nowruz  iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasy  hökmünde  ykrar edilýär we "hoşniýetli goňşuçylyk" diýen sözler  iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iň gowy görkezijisidir dýip, jenap Sadegi belläp geçdi  we Nowruz baýramynyň Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hemişelik  itergisi  boljakdygyna umyt bildirdi.

Dabaraň dowamynda ajaýyp sazlar çalyndy,  pars dilini öwrenýän  okuwçylar sahna oýnuny görkezdiler, çagalaryň we okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçirildi, çeperçilik programmalara we bäsleşige  gatnaşanlara sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly baýramçylyk dabarasy Eýranyň milli tagamlaryň  hödürlenmegi bilen tamamlandy.

Medeniýet merkeziniň okuwçylary hem milli türkmen  süýjüliklerini  taýýarladylar.  Bu süýjülikler bilen saçagyň bezelmegi Nowruz baýramçylygy mynasybetli şu  ýylda geçirilen  çäräniň  has-da  dabaraly bolmagyna  goşant goşandygyny bellemeli.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: