• May 24 2023 - 15:57
  • 167
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabatda mugallymlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Mugallymlar güni we Şehit Morteza Motähhäriniň hatyrasyna hormat goýmak mynasybetli Eýranyň Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň, pars dili mugallymlarynyň we olaryň maşgalalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

Mugallymlar güni we Şehit Morteza Motähhäriniň hatyrasyna hormat goýmak mynasybetli Eýranyň Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň, pars dili mugallymlarynyň we olaryň maşgalalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

    2-nji maýda sişenbe güni dabaraly çäre Gurhan – Kerimden aýat okalmagy bilen başlady. Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saadi gaznasynyň wekili Nawid Rasuli çykyş edip, ähli mugallymlary bu baýramçylyk bilen gutlap, olaryň çekýän zähmetlerine ýokary baha berip şeýle diýid: Mugallymlar jemgyýetimizde öz kärlerine wepaly hem-de ylym – bilimiň esasy sütünidirler.

    Şeýle hem Nawid Rasuli öz çykyşynda Mugallymlar gününiň gelip çykyşy we onuň Şehit Morteza Motähhäriniň ýatlama gününi gabat gelýändigini belläp, aýtdy: Mugallymlar güni beýik mugallym we ýadawsyz göreşiji, ýokary derejeli alym we hukukçy Morteza Motähhäriniň ady bilen baglanşyklydyr.

Ol sözüni dowam edip şeýle diýdi: Mugallymçylyk Gurhan - Kerimde, ilkinji nobatda, mübärek we beýik Allatagallanyň mukaddes tebigatyna mahsus bolan Hudaýyň baky güýjüniň beýany hasaplanýar we  Pygamberimiziň (saw) mübärek ýüregine aýan bolan Alak süresinden Gurhanyň ilkinji aýatlarynda Hudaýyň bu sungaty bellenilip geçilýär. Ol ýerde: "Dünýäleri ýaradan Rebbiňiziň ady üçin oka. Ol Ynsan ganly ýaratdy. Perwerdigäriňiz iň rehimdarlydyr. Edil galam bilen öwrenilişi ýaly, ynsana bilmeýän zadyny öwretdi". Bu aýatlarda Allatagalla özüni “mugallym” diýip agzaýar we özüni iň çylşyrymly we iň oňat eseri adamzady döredenden soň "mugallym" diýip getirmesi örän ünsi çekiji bolup durýar.

    Mugallymlaryň wezipesi we adamlara bilim bermekdäki möhüm jogapkärçiligi barada aýdyp, Rasuli sözüni dowam etdi: Adamyzadyň dünýädäki beýik mugallymy Allatagallanyň Resuly (saw) mugallymlara we olaryň wezipesine uly sarpa goýýardy we dogalarynda şeýle diýýärdi: "Eý Allam, mugallymlary bagyşlap, olara uzak ömür ber we işlerini mübärek eýle”.

    Bar zadymyz mugallymlarymyz saýasyndadyr, mugallymlarymyz adamzadyň ýol görkezijileridir. Şol sebäpli mugallymlaryň egninde uly jogapkärçilik bar. Bir ýurtda bolup geçýän ähli ykballar üçin jogapkärdir, adamyň jemgyýetimizde adam bolmasy üçin jogapkärdir, terbiýe - bilim berýän ähli ýaşlary üçin jogapkärdirler.

    Nawid Rasuli çykyşynyň ahyrynda Medeniýet merkezinde Pars diliniň öwredilişine ünsi çekip, iki döwletiň arasynda ylym –bilim hyzmatdaşlygy, umumy medeni – mirasy  we eseleri bilen tanyşmalyga mümkinçilikleri döredýänlere şeýle – hem bu ugurda ýadawsyz zähmet çekýän ähli mugallymlara öz sagbolsunyny aýtdy. 

    Dabaraly çärede wideo –şekiller görkezilip, pars dili öwrenijileri tarapynda goşgudyr – makalalar okaldy. Şeýle – de medeniýet merkeziniň mugallymlary öz iöleri barada çykyş etdiler. Dabaraly çäre pars dili öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň mugallymlara sagbolsunlary we başga – da birnäçe çäreler bilen dowam etdi.

    Dabaranyň ahyrynda mugallymlara minnetdarlyk bildirilip, çärä gatnaşanlara süýji – nygamatlar hödür – kerem edildi.

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: