• Mar 29 2023 - 11:58
  • 156
  • Okamak üçin wagt : Less than one minute

Aşgabatda gyşky pars dili kursynyň soňky synaglary geçirildi

Ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde Pars dili sapaklarynyň gyşky döwrüniň soňky synaglary geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezinde Pars dili sapaklarynyň  gyşky döwrüniň soňky synaglary 1401-nji ýylyň 26-njy esfänd (17.03.2023 ý.) aýynda anna güni geçirildi. Ýazuw we dilden geçirilen bu synaglarda giriş, orta, ösýän, ýokary we terjime derejesindäki bäş derejede okan pars dili öwrenijileri, pars dilini öwrenmekdäki öz bilimlerini berilen soraglara jogap berip görkezdiler we öz bilim derejelerini has-da berkitmeklik üçin mümkinçilik gazandylar.

Pars dilini öwrenmek boýunça gyşky sapaklary 1-nji deý aýyndan (Ýanwar aýy)  28 synp we iki sany kalligrafiýa (hat ýazuwynyň görnüşi) synpynyň döredilmegi bilen başlandy.

Şuny belläp geçmek zerurdyr, Pars dilini öwretmek, ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkeziniň iki goňşy ýurduň arasynda medeni aragatnaşygynyň has-da berkemegi ugrunda alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup dyrýar.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: