• May 8 2024 - 14:21
  • 61
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabatda Mugallymlar güni we Şehit Motähherini hatyralamaga degişli dabara geçirildi

Medeniýet merkeziň mejlisler zalynda mugallymlar güni we Şehit Morteza Motähherini ýatlamaga bagyşlanyp, mugallymlaryň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

Medeniýet merkeziň mejlisler zalynda mugallymlar güni we Şehit Morteza Motähherini ýatlamaga bagyşlanyp, mugallymlaryň, pars dili öwrenijileriň we olaryň ene – atalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

    1-nji maýda geçirilen bu dabaraly çäre Gurhan Kerimden aýat okalmagy bilen başlady. Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saady gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Nawid Rasuli bu şatlykly gün bilen ähli mugallymlary ýagny jemgyýetimiziň ylym – bilim ugrunyň has-da berkemegi üçin zähmet çekýän ynsanlaryny tüýs ýürekden gutlap şeýle diýdi: Pygambere aýan edilen ilkinji aýatlarda (Alak süresiniň başlangyç aýatlary) öwretmek we öwrenmek barada mazmun bar we Gudratygüýçli Hudaý özüni Gurhanyň dürli ýerlerinde adamzada mugallym hökmünde tanatdy (Rahman süresi we ...)  we soňky döwürlerde pygamberlerini adamzada mugallym hökmünde tanatdy (Juma süresi we ...) . Bu ýerden yslamda ylymyň we bilimiň ähmiýetine we oňa jogapkär mugallymyň ähmiýetine düşünip bileris. Şonuň üçin jemgyýetde mugallymyň orny Gurhanyň esasynda pygamberleriň orny diýilip bellenýär.

          Ol sözüni dowam etdi: 1996-njy ýylda ÝUNESKO guramasy 50 ýurtda 500 okuwçydan gowy mugallymyň aýratynlyklary barada sorady. Umuman aýdanyňda, olaryň hemmesi mugallymyň üç aýratynlygy bolmalydygyny aýtdylar: 1) ylym - bilim, 2) hünär ussatlygy we 3) şahsy aýratynlyklar, ýagny sabyrly, mylaýym, edepli, çeýe, ygtybarly, dogruçyl, kiçigöwünli, höwesli we okatmakdan lezzet alýan bolmaly.

    Rasuli sözüni dowam edip Ýunesko guramasy tarapyndan üstünlikli mugallymyň aýratynlyklary barada belläp geçdi: 1- Şu günki üstünlikli mugallymlar ylymly bolmakdan başga-da ruhy we ahlaklylyk häsiýetlerine mätäçdigini bilýärler 2- Mugallymlar diňe bir bilim berýänler bolman, eýsem okuw prosesine hem kömekçi.  3- Maksady bolmadyk okuwçylara täsir etmek olaryň esasy wezipesi. 4- Ilki bilen okuwçylaryň mugallymydygyny kitaplaryň mugallymy däldigini bilýärler 5- Soňky asyryň üstünliginiň açary üznüksiz okamakdyr. Şonuň üçin öz bilimlerini näçe köpeltseler, şonça-da jemgyýetine köp hyzmat edip bilýärler.

    Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saady gaznasynyň Türkmenistandaky wekili sözüniň soňunda Medeniýet merkezinde pars dili sapaklarynyň öwredilýänligine, we ili ýurduň medeni mirasyny, umumylyklaryny tanatmakda mükinçilikler döredilýänligine sag bolsun aýdyp, mugallymlara hem çekýän zähmetleri üçin sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi:

Mugallymy gadyrlaýan jemgyýet gülläp öser, sebäbi mugallym bilimsizlige garşy göreşiň baýdagydyr we häzirki döwürde adamzadyň başynda näme gelse bilimsizliginiň netijesidir. Amir al-Mu'mininiň pikiriçe: "Adamlar öz bilimsizliginiň duşmanydyr." Mugallymlaryň adamlara ýol görkezmek we ugrukdyrmak ýaly borjy bar, olaryň hereketleri, özüni alyp barşy we sözleri adamlar üçin örän täsirli, şonuň üçin olar uly jogapkärçilik çekýärler. Şeýle-de çäräniň dowamynda wideoşekil görkezildi, sahna oýny ýerine ýetirldi, aýdym, makala we pars dili öwrenijileriň ene – atalarynyň sag bolsun aýtmaklygy bilen çäre dowam etdi.

    Hödür – kerem etmek, mugallymlara ýadygärlik sowgat gowşurmak  bilen çäre tamamlandy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: