• Apr 22 2023 - 10:54
  • 127
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabatda Mübärek Oraza aýy mynasybetli Ynsanperwerlige ýugrulan çäre geçirildi

Aşgabat şäheriniň Ymamy Wepa Hajynyň gatnaşmagynda döwletimiziň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Mübärek Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlige ýugrulan çäre geçirildi.

Aşgabat şäheriniň Ymamy Wepa Hajynyň gatnaşmagynda döwletimiziň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Mübärek Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlige ýugrulan çäre geçirildi.

 Şu ýylyň 17-nji aprelinde ýagny Oraza aýynyň 26 –na Türkmenistanda Gadyr gijesinde Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde Mübärek Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlige ýugrulan çäre geçirildi.  Bu dabaraly çärä Aşgabat şäheriniň Ymamy Wepa Hajy, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, diplomatlar, Eýran Yslam Respublikasynyň başga edaralaryň işgärleri, Eýranly raýatlar we şeýle-de Pars dilini öwrenijiler we olaryň maşgalalary gatnaşdylar. Bu dabaraly çäre Gurhan – Kerimden aýat okalmagy bilen başlandy.

    Ilçi öz çykyşynda ähli dabara gatnaşýanlara hoş geldiňiz diýip, Medeniýet merkezine Gurhan – Kerim sergisiniň, Pars dili öwrenijileriň ýerine ýetiren nakgaşlyk hem – de “kolligrafiýa” hat ýazuwy eserleriniň sergisiniň gurnanlygy üçin öz sag bolsunyny aýtdy. Şeýle hem Mukaddes Oraza aýy barada şeýle diýdi: Mukaddes Oraza aýynyň aýratynlyklaryndan biri, agyz bekleýänleriň ýygnanmagy we bilelikde agyz açmaklygydyr. Bu aýda haýyr-sahawat we sadakalaryň köpüsi musulmanlar tarapyndan berilýär. Bu aýda, agyz beklemek we Gurhany okamak (hatm etmek) günäleriň bagyşlanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin musulmanlar şu aýdan ruhy taýdan arassalanamaga çalyşmaly.

    Eýranyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Muhammet Pygamberiň (s.) Oraza aýynyň aýratynlygy we peýdasy barada aýdan sözlerine salgylanyp, şeýle diýdi: Eý Allanyň bendeleri! Allahtagalanyň aýy özüniň bereketi, rehmeti we günäleri geçmekligi bilen geldi. Bu aý Allatagallanyň dergähinde aýlaryň içinde iň gowysydyr. Bu aýyň her güni ýagşy gün, her gijesi ýagşy gije, her sagady hem iň gowy sagatlardandyr.

    Ol sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň medeni umumylygy barada durup geçip, şeýle diýdi: Mukaddes Oraza aýy, Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň halkynyň medeni umumylyklaryndan biri bolan Gurhany Kerimde jemlenen musulman raýdaşlygy aýydyr. Şundan ugur alyp, Medeniýet merkezinde iki ýurduň musulmanlarynyň birek biregi has-da gowy tanamaklygy maksady bilen, Gurhan - Kerim we Oraza aýy mowzukda nakgaşlyk we “kalligrafiýa”  hat ýazuwynyň eserleriniň sergisini gurnap, hoşniýetli türkmen halkynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirilýär.

    Soňra Aşgabat şäheriniň Ymamy Wepa Hajy öz çykyşynda Oraza aýynyň Gadyr gijesinde Medeniýet merkezinde dabaranyň geçirilmeginiň çuňňur manysynyň barlygyny belledi. Gurhan Kerim we “Oraza aýy” mozukda ýerine ýetirilen nakgaşlyk we “kalligrafiýa” hat ýazuwynyň eserleriniň sergisiniň gurnalmagynyň Yslam dini däp-dessurlaryň wagyz edilmegine ýardam etýänligini aýdyp, munuň üçin öz sagbolsunyny aýtdy.  

    Sözüniň dowamynda Medeniýet merkezinde Pars diliniň okadylýanlygy üçin hem minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: Türkmen ýaşlaryna pars dilini we kalligrafiýa hat ýazuwyny öwretmek gowy zat. Gadyrly pars dili öwrenijileri siz ýurdumyzyň geljegi, siz dürli dilleri öwrenip, ýurdumyzyň ösüşine we özgerişine öz goşandyňyzy goşup, ýurduň hakyky eýesi bolmalysyňyz.

    Aşgabat şäheriniň Ymamy, çärä gatnaşanlaryň Gadyr gijesinde eden doga - dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw edip, sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine we Gahryman Arkadaga goňşy we dostlukly ýurt bolan Eýran bilen dost – doganlyk  gatnaşygynyň ösmegi üçin döredilýän şertler üçin sag bolsun aýtdy.

    Çäräniň dowamynda wideoşekil görkezildi we Magtymguly Pyragynyň “Bu Uroza” diýen goşgysy Pars dilini öwrenijileriň biri tarapyndan okaldy. Şeýlede Aşgabat şäheriniň Ymamynyň gatnaşmagynda Pars dili öwrenijileriň ýerine ýetiren nakgaşlyk we hat ýazywy eserleriniň arasynda saýlananlara sowgatlar gowşuryldy. Soňra hemmeler Medeniýet merkeziniň agyz açar sadakasyna gatnaşdylar.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: