Aşgabatda Hafeziň hatyralama çäre geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Hafez Şiraziniň hormatyna ýörite çäre geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Hafez Şiraziniň hormatyna ýörite çäre geçirildi.
Dabara 11-nji oktýabrda sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni geňeşçi Nawid Rasouli, ilçihananyň işgärleri we türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklarynyň, şol sanda pars dilini öwrenijileriň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda hem-de Aşgabatda ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Gurhany kerim okalandan soň, biziň ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi Golamabbas Arbab Halis, bu dabarany geçirendigi üçin medeni geňeşçä minnetdarlyk bildirdi we şeýle çäreleri geçirmäge ünsi çekdi: "Eýranyň edebiýaty we onuň şahsyýetlerini Türkmenistanyň halkyna tanatmak gaty täsirli bolar. Bu eýran we türkmen edebiýat eserleriniň we beýik şahsyýetleriniň arasyndaky deňeşdirme we gözlegidir."
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Hafeziň tutýan beýik ornuna hormat goýmak bilen bir hatarda, Eýranyň we Türkmenistanyň iki ýurdunyň ylmy we medeni şahsyýetleriniň iki ýurduň halkyna medeni umumylyklarynyň näderejede ýakyndygyny düşündirip biljekdigine umyt bildirdi. Ol "Medeni mümkinçilikler, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin berk ädimler ätmäge mümkinçilik berdi" diýip belledi.
Sözüniň ayrynda Arbab Halis, Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni gatnaşyklary ösdürmek baradaky çuňňur düşünjesine we bu ugurda edýän tagallalaryna ünsi çekip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy möhüm aýratynlyklaryň biri hökmünde görkezdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medenýet geňeşçisi Nawid Resuli, Hafesiň Rabi al-Awal aýynda, Yslam pygamberiniň doglan aýy we Şamseddin Muhammet adyny saýlamagy barada durup geçdi. Ol " Eger-de Eýran halkara arenasynda pikir we medeniýet eýesi ýurtlaryň biri hökmünde tanalýan bolsa, onuň baý edebiýaty we pars dili hem-de, Ferdowsi, Rumi, Saadi we Hafez ýaly ajaýyp şahsyýetler sebäpli."" -diýdi.
Şeýle hem ol sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: "Şams al-Din Muhammet Hafezi pars poeziýasynyň we edebiýatynyň ösüşiniň iň ýokary derejesi hasaplap bolar we liriki goşgulary bu dildäki beýleki goşgularyň iň gowusy hasaplanýar. Hafez şöhratly, Eýran we dünýä üçin buýsanç çeşmesi bolan şahyr hem-de akyldardyr."
Magtymguly Pyragy we Hafeziň goşgularyna edýän täsiri barada Rasouli şeýle diýýdi: Ol Eýranyň beýik şahyrlarynyň, şol sanda Hafeziň döredijiligini öwrenipdir we ony kabul etdipdir, onuň alan täsirini goşgularynda gowy görmek bolýar. Hafeziň birnäçe goşgusynda şahsy durmuşyna salgylanyşy ýaly, Magtymguly hem bu meselä ünsi çekipdir. "Agasynyň öldürilmegi, kakasynyň ölümi, ogullarynyň ýetginjeklikde elden bermegi, öz daýzasynyň gyzyna Meňlä bolan söýgi hekaýasy we bu hekaýadaky şowsuzlygy ýaly köp meseleler onuň goşgularyndan düşünmek bolýar".
Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Hafez bilen Magtymguly Pyragyny deňeşdirip, şeýle diýdi: Hafeziň goşgular diwanyny öwrenilende onuň azat pikirli, gumanizm, garyplaryň tarapdary bolandygyna göz ýetirýärsiň.
“Magtymgulynyň döwri we ýaşaýyş durmuş obrazy, türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy hem şeýle boldy. Hafez bilen Magtymgulynyň başga bir umumylyklarynyň biri hem, dünýäniň panylygy, ahyryýet barada goşgy düzmek we adamlara maslahat bermekdir.
Hafeziň aýdýan esasy mowzuklary hem, adamlara öwüt-ündew berip ýagşylyga çagyrmak we ahlak meselelerine öwüt bermek, ýamanlygy gadagan etmek, ahlaksyzlyk we adamzadyň erbet häsiýetlerine garşylyk bildirmekdir. Magtymguly Pyragy hem öz goşgularynda adamlary jemgyýet ahlak ýörelgelerine alyp barmaga, nejis, adamkärçiliksiz ahlaklardan we endiklerden gaça durmaga synanyşýar."
Nawid Resuli çykyşynyň ahyrynda şol döwrüň taryhynyň we jemgyýetçilik şertleriniň Hafeziň we Magtymgulynyň goşgularynda şöhlelenmegine we şeýle hem ikisiniň mistikasyna/erfanylygyna ünsi çekip, iki şahyr bilen beýikleriň arasynda deňeşdirlip öwrenilmegini nygtaýar we pars we türkmen edebiýatynyň nähili derejede umumylyklarynyň bardygyny görkezýär.
Indiki söz sözleýji, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň pars dili mugallymy Behzad Razazan Hafeziň lakamyny üç nukdaý nazary esasynda gözden geçirdi. Ol: " hijriniň altynjy asyrynda ýaşan Pars dilli şahyrlary goşgylaryny başga biri öz adynda geçirmez ýaly, öz goşgularynda ýagny kasyda, gazallaraynyň soňky böleginde lakam diýip atlandyrýan, şahyrana at ýa-da ism ulandylar.
Çykyşynyň ahyrynda Hafeziň goşgularyndan bentler okamak bilen onuň Gurhany ýatdan bilenlegi we tanyşlygy üçin lakamyň (Hafez) getirilmeginiň sebäbini agzady.
Hafeziň hormatyna başga bir çykyş eden Jan Muhammet Golamow, Aşgabatdaky medeniýet bilen gyzyklanýanlara Hafez Şirazi we Magtymguly Pyragy barada aýdyp, bu şahsyýetleriň diňe bir şol halklara däl-de, eýsem dünýäniň ähli halklaryna degişlidigini we medeni gatnaşyklaryň sebäpleri hakynda aýtdy.
Dabara dürli medeni we çeperçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, Hafeziň durmuşyhakyndan sahnanyň ýerine ýetirilmegi, Pars dilini öwrenijileriň Hafez hakynda ýazan makalalaryny we goşgularyny okamak hem-de, beýleki dürli meýilnamalar bilen dowam etdi.
Bellemeli zatlaryň biri hem; Medeniýet geňeşçi tarapyndan öňüräk Hafeziň goşgularynyň hoş ýazuw, kalligrafiýa bäsleşigine çagyryş yglan edilipdi we dabara bilen birlikde saýlanan eserleriň sergisi hem guraldy.
Hafez Şiraziniň hatyralamak dabarasynyň soňky böleginde baýraklar gowşurmak we hödür-kerem boldy.
Filmler.