• Aug 15 2023 - 10:57
  • 149
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Aşgabatda Hüseýiniň (a.s.) Tasu'a we Aşura ýasy geçirildi

Aşgabatda Hezreti Patma Zöhre (saw) metjidinde şehitleriň ýolbaşçysy we dünýäniň erkin halkynyň serweri Hezreti Aba Abdullah al-Hüseýiniň (a.s.) we wepaly ýoldaşlarynyň Tasu'a we Aşura ýasy, ilçihananyň, medeniýet merkeziň

Aşgabatda Hezreti Patma Zöhre (saw) metjidinde şehitleriň ýolbaşçysy we dünýäniň erkin halkynyň serweri Hezreti Aba Abdullah al-Hüseýiniň (a.s.) we wepaly ýoldaşlarynyň Tasu'a we Aşura ýasy, ilçihananyň, medeniýet merkeziň işgärleriniň we maşgalalarynyň gatnaşmagynda, eýranlylar, şaýylar we Ahl al-Baýtyň (a.s) tarapdarlarynyň gatnaşmagynda jemagat namazy, Gurhan okamak, Aşura zyýaraty we wagyzlar bilen geçirildi.

    Bu ýas çäresinde Hojätoleslam wä älmoslemin Şeýh Reza Aslani Ymam Hüseýiniň (a.s.) taryhy ýoly, garşy çykmagy, ýasyň pelsepesi we ähmiýeti, Seýidol Şähodähyň garşy çykmasynyň sebäpleri we netijeleri, Aşura ýasy barada giňişleýin gürrüň berdi.

    Ol sözüniň dowamynda serweriň we şehitleriň ýolbaşçysynyň garşy çykmasynyň giňişligine salgylanyp, şeýle diýdi:

    Biziň şu günki jemgyýetimiziň Ymam Hüseýiniň (a.s.) garşy çykmasynyň ýanynda mätäç zady,  adamzat taryhynyň uly wakasynyň çägini bilmeklige üns bermegidir. Bu epistemologiki (bilmeklik) habarlaryň bir bölegi onuň syýasy we jemgyýetçilik giňişliginden öwrenmek, beýleki bir bölegi Hüseýiniň Aşura hereketiniň asman we siwilizasiýa giňişliginde ýatandyr. Ýagny şeýle-de Hüseýiniň garşy çykmasyndan mertebe, gaýduwsyzlyk, sütemlere garşy göreşmek, dini gymmatlyklara eýermek we bu wakany geljekki nukdaýnazardan öwrenip bolar.

    Hojätoleslam wä älmoslemin Şeýh Reza Aslani sözüni dowam etdi: Ylmy we bilermenlik hereketleri Ymam Hüseýiniň (a.s.) ganynyň dökülmekligi we onuň şehit bolmagy bilen başlandy. Bu şahsyýet özüni Yslam dininiň baky galmasy üçin pida etdi. Ýagny bu özüňi pida etmekligiň soňky manysyndadyr. Ymam Hüseýin (a.s) aýdypdyr: “Men Yslamyň dowam etmegi üçin bolmaryn”. Hüseýiniň medeniýeti rehimdarlyk we ylahy medeniýet, Ýezidi medeniýeti bolsa şeýtan medeniýetidir. Şonuň üçin hemişe ýörelgä üns bermeli we ony gorap saklamaly.

    Soňra ol Ymam Hüseýiniň (a.s) garşy çykmasyna salgylanyp aýtdy: Pygamberimiz (saw) we Ymamlar (saw), özleriniň nurana wezipeleri bilen Allanyň gözegçileridir. Bütin barlygy görýärler. Toba süresiniň 105-nji aýatynda bu ýagdaý şeýle beýan edilýär: “We kulı'melu fe se ýerallahü ameleküm we rasulühu wel mü'minun, olara aýt:  Alla, onuň Resuly we imanlylar her eden işiňizi ýakyn wagtda görerler”. Kimde – kim dem almaklygy bilmek, Ahl- Beýtiň (a.s.) nuranalygyny bilmeklige üns berip girişse, ol aryf akyldar Alla tagalla bilen bolup, bu zatlara Hydaýyň gözi bilen seretýär. Pygamberleriň we Ymamlaryň (a.s.) işi öňde baryjylary zulumdan ýagtylyga çykarmakdyr. Buny Aýatly Kürside hem birnäçe gezek okadyk: “Allâhü weliýýü-lleẕîne âmenû ýuḫrijühüm mine-żżulümâti ile-nnûr, Alla iman edenleriň welisidir, olary zulumdan ýagtylyga çykarar”.  “Nur” bu ýerde birnäçe manyny berýär, emma Hudaýtagallanyň göz öňünde tutýan zady, Ahl al-Baýtyň (a.s.) howandarlygy we ymamy diýmekdir. Bu şahsyýetler hemişe öz ymmatyny dogry terbiýe bermek bilen zulumdan ýagtylyga çykarmaga çalyşýarlar we hakykat ýüzünde belli bir dereje-de zulumy ýagtylykdan, nurdan tapawutlandyrmak barada maglumat bermäge çalyşýarlar. Kärbälada Ymam Hüseýiniň (a.s.) duşmanlary ýagtylygy tapawutlandyrmaýarlardy we zulumyň ugry bilen gitdiler. Gurhanda indiki aýatda-da şeýle diýilýär: “Wellezîne keferû ewliyâuhumut tâgûtu ýuhrijûnehum minen nûri ilâz zulumât(zulumâti)”, kapyrlaryň ýoluny saýlap alanlaryň ýary – ýoldaşy şeýtan we diwanalardyr we olar Ýagtylyk äleminden Ýalňyşlygyň tümlügine ugrukdurýandyrlar. Şeýle ýagdaýda: “Ulâ-ike ashâbu-nnâr(i)(s) hum fîhâ ḣâlidûn(e), bular dowzahyň nesilindendir we hemişe ol ýerde bolarlar”. Ýazidiň özi nadanlygyň we garaňkylygyň nyşanydyr.

Hojätoleslam wä älmoslemin Şeýh Reza Aslani belläp geçdi: Ahl al-Baýtyň (a.s.) wakasy barada aýdanymyzda, höweslere we bilimlere üns bermelidiris. Şu nukdaýnazardan Ahl al-Baýtyň (a.s.) biliminiň giňligine üns bermek zerurdyr. Hadysda şeýle diýilýär: “Ymam Zamany bilmän dünýäden ötenler, jahyllyk bilen ötenlerdir”. Diýmek Mohärrem aýynda edilmeli işleriň biri  Ymam Zaman barada bilýänlerimizi artdyrmakdyr.

Ol sözüniň soňunda şeýle diýdi: Ymam Hüseýin (a.s.) öz ganly garşy çykmasy bilen dini dikeltdi we diniň sütünlerine täze durmuş berdi we şol wagta çenli diňe bir görnüşi bolan we bütin dünýäde diniň hakykatyny görkezýän Yslam dinine täze jan we ýaşaýyş berdi.Ol Kärbälada köp dini görkezijileri galdyrdy we hakykatdanam amaly töwhidi şekillendirdi we onuň sütünlerini berkitdi.

Ýas dabarasynyň dowamynda myktal, marsiýa okamak, maddahi we noha aýtmak, döşüňe urmak ýaly däpler ýerine ýetirildi.

Şeýle – hem Ymam Huseýine (a.s.)  we onuň ýoldaşlaryna bagyşlanan agşamlyk nahary agşam we ýassy jemagat namazlary bilen başlandy we giç agşama çenli dowam etdi.

Şuny belläp geçmek zerurdyr, Aba Abdullah al-Hüseýine (a.s.) bagyşlanan ýas Mohärrem aýynyň başyndan ol Ymamyň we wepaly ýoldaşlarynyň şehitliginiň 3-nji gününe çenli Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Hezreti Patma Zöhre (saw) metjidinde Hojätoleslam wä älmoslemin Şeýh Reza Aslani we Hojätoleslam wä älmoslemin Seýid Mustafa Nesab Musawiniň wagyzlary bilen dowam etdi.   

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: