• May 12 2024 - 13:58
  • 54
  • Okamak üçin wagt : 8 minute(s)

Aşgabatda Gyzlar güni mynasybetli çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallasy bilen bu merkeziň mejlisler zalynda Hezreti Masumäniiň (s) doglan güni we "Gyzlar güni" mynasybetli çäre geçirildi we pars dili öwreniji gyzlary bu baýramçylyk bilen gutlanyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallasy bilen bu merkeziň mejlisler zalynda Hezreti Masumäniiň (s) doglan güni we "Gyzlar güni" mynasybetli çäre geçirildi we pars dili öwreniji gyzlary bu baýramçylyk bilen gutlanyldy.

10-njy maýda geçirilen bu dabara “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň, türkmen gyzlarynyň we olaryň maşgalalarynyň, Türkmenistanda ýaşaýan eýran raýatlarynyň we Eýranyň dürli edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda , Gurhan – Kerimden aýat okalmagy bilen başlandy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Hezreti Fateme Masumehiň (s) doglan güni barada belläp geçip we bu günki baýramçylyk bilen gutlap, şeýle diýdi: Şu gün Hezreti Fateme Masumäniň Ymam Ryza (a) aýal doganynyň doglan güni we şol sebäpli bu gün biz üçin mübärek bir gün. Şu güniň gyzlar güni diýip atlandyrylmagy örän buýsandyrýar we guwandyrýar.  Hezreti Masumeniň doglan gününiň - Gyzlar gününiň nyşany hökmünde saýlanmagy, Eýran-Yslam medeniýetinde päkligiň, ahlagyň, hoşniýetliligiň we edepliligiň nyşanlaryndan biridir we bu aýratynlyklary bilen ol musulman gyzlar üçin görelde bolup durýar.

Ruzbahani sözüni dowam etdi: Eýran senenamasynda bir günüň gyzlaryň güni diýip atlandyrylmagy, Eýran-Yslam medeniýetiniň gyzlara berýän ornunyň alamatydyr. Yslamyň dünýäsiniň Pygamberi aýdyp geçipdir: "Gyzlar gör nahili gowy çagalar; Mylaýym we hoşniýetli, hyzmat etmäge taýyn, söýýän we gynanýan, bereketli we arassalaýjy. Yslamdan öňki jahyl arap jemgyýetinde gyz çagany masgaraçylyk hasaplanýandygyna we gyz bäbekleriň diri jaýlanmagyna garamazdan Yslam pygamberi gyzlara uly hormat goýýar we hatda öz gyzy Hezreti Fatima Zahrany "Um Abiha" diýip atlandyrýar we gyzlary maşgala üçin bereket çeşmesi diýip atlandyrýar. Şonuň üçin gyzlar yslam edebiýatynda we Pygamberimiziň we Ymamlaryň arasynda ýokary orny eýeleýär.

Ol Eýranyň medeniýetinde gyzlaryň eýeleýän ornuny ünsi çekip sözüni dowam etdi: Eýran medeniýetinde gyzlar we aýallar hemişe ýokary orny eýeleýärler. Gyzy pes orunda görkezýän käbir medeniýetlerden tapawutlylykda, Eýranyň goşgularynda, mifologiki edebiýatda, eposlarda we rowaýatlarda gyzlar we aýallar erkekler bilen bir hatarda goýulýar we köplenç akyl, sabyr we çydamlylygy alamatlandyrýar; Elbetde, batyr söweşijileri terbiýeleýän gaýratly enelerem bar. Şu nukdaýnazardan seredilende, Eýran bilen Türkmenistanyň iki döwletiniň arasynda köp medeni umumylyklar bar, sebäbi Türkmenistan halkynyň taryhyna göz aýlamak bilen bu ýurtda aýal-gyzlaryň elmydama möhüm orny eýeländigine göz ýetirýärsiň.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi gyzlaryň ylym, jemgyýet we syýasy ugurlarda işjeň gatnaşdyklary barada belläp, şeýle diýdi: Häzirki wagtda Eýranda okaýan talyplaryň 60% -den gowragy gyzlar. Birgün Eýranly zenan alym we dünýäniň iň ýokary matematika baýragynyň eýesi Merýem Mirzakhaniniň hatyrasyna Halkara "Matematika zenanlary" güni. Şu günki gyzlaryň ertiriň eneleri we aslynda jemgyýetiň geljegidigini ýatdan çykarmaly däldiris.

Jenap Ali Mojtaba Ruzbahani Türkmenistanda gyzlaryň jemgyýetçilik ugrunda işjeňlikleri barada belläp geçdi: Türkmenistandaky gyzlaryň okuwdan başlap sporta çenli dürli jemgyýetçilik ugurlarynda möhüm orny eýeleýändigini görmek buýsandyrýar. Türkmenistanda bolanymda, şeýle hem Medeniýet merkeziň çärelerine gatnaşanymda, Türkmenistanly gyzlaryň bu ýurduň jemgyýetinde eýeleýän möhüm ornuna ýakyndan şaýat boldum, bu ýurtda aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik işlerinde işjeň gatnaşmagy üçin  Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjilikli syýasaty we parasatly ýolbaşçylygy esasynda döredilýän uly mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Hezreti Masumeniň (s) doglan güni we gyzlar güni bilen gutlap, gyzlaryň Yslamda eýeleýän orny barada şeýle diýdi: Gyzlary diri jaýlan pursatyndan şu güne çenli jemgyýetleriň köpüsinde aýallar we gyzlar ikinji agza hasap edilýär. Gyz çaga dünýä indiren aýallaryň kemsidilmegi we gyz çagasy bolan maşgalalaryň utanmagy gyzlary jemgyýetde ikinji agza hasap edilmeginiň alamatlaryndan biridir we henizem käbir halklaryň arasynda bu ýörelge bar. Jemagatyň arasynda ýaýran ýalňyş gürrüň bu erkek ýokardamy ýa – da aýal. Ýöne Yslam dininden görýän zadymyz, Hudaý ähli ýaradan zatlaryny jübüt edip ýaradypdyr we ýaradylan zatlaryň jübütligi köpelmeklige sebäp bolýar. Ýaradylyşda gyzlaryň we oglanlaryň bolmagy gowy. Bu iki jynsyň hersiniň barlyk dünýäsinde, jemgyýetde, adamzat taryhynda we maşgalasynda durnuklylygy, ösüşi we kämilligi döredýän orny bar. Aslynda, yzygiderli hyzmatdaşlykda we utgaşdyryp, özleriniň dürli rollary bilen ajaýyp durmuşy gurup bilerler.

Rasuli gyzlaryň maşgalada we kemgyýetde eýeleýän orny barada hem belläp geçdi: Gyzlaryň maşgalada örän möhüm orunlary bar. Geljekde jemgyýetiň iň möhüm agzasy bolan maşgalany dolandyrmak üçin jogapkärçilik çekerler we geljekki nesilleri terbiýelemek hem olaryň jogapkärçiligidir. Bir gyz gowy bilimli hem-de maşgala we jemgyýetçilik durmuşyna taýyn bolsa, geljekki nesilleriň bagtyýarlygyny we hoşbagtlylygyny üpjün edip biler. Şonuň üçin gyzlaryň bilim almagyna ene - atalar aýratyn üns bermeli. Yslam dünýäsiniň pygamberi (s) gyzlary terbiýelemegiň sogaplary hakda-da şeýle diýýär: “Kimde- kimiň gyzy bar bolsa, ol adam ony iň gowy derejede terbiýelemeli we gowy we mynasyp naharlar bilen iýmitlendirmeli, Hudaýyň beren nygmatlaryny bermeli we ondan utanmaly däl, şeýle ata kyýamat güni dowzah odundan halas bolar”. Şeýle hem; gyzlar gowy aýalyň we göreldeli enäniň rolundan başga-da häzirki döwürde jemgyýetde möhüm orun eýeleýärler. Ylmy we amaly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýet bilen öz zehinleri, ylymlary, bilimleri we sungat başarnyklaryny paýlaşyp bilerler.

Rasuli sözüniň soňunda Eýranyň we Türkmenistanyň gyzlarynyň jemgyýetde eýeleýän orunlary we täsiri bilen uly üstünliklere eýe bolmak bilen maşgalalarynyň we ýurtlarynyň buýsanjyna öwrülmekliginiň şaýady bolmaklygy umyt edýäris diýip, şeýle diýdi: Dünýäniň köp ýurtlarynda jemgyýetçilik alymlary tarapyndan geçirilen gözlegler, dine uýýan we çuňňur iman bolan maşgalalaryň çagalaryny terbiýelemekde has üstünlikli bolandygyny we çagalarynyň diňe akyl saglygy däl, eýsem jemgyýetde has amaly netijeliligini görkezýär.

Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Çörekliýewa Gulýa Medeniýet merkeze şular ýaly Gyzlar gününi bagyşlanan çäräni gurnandyklary üçin sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi:  Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň we Medeniýet merkeziniň hyzmatdaşlygy gyzlaryň, aýallaryň we maşgalalaryň ukyplaryny ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Soňra jemgyýetçilik guramasynyň alyp barýan işlerine ünsi çekip, şeýle diýdi:   Gyzlar, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynda kompýuterler bilen işlemegi öwrenmek, tikinçilik, süýji taýýarlamak we ş.m. ýaly işler bilen tanyşýarlar. Esasy maksadymyz, hünär ugurlarynda ösmegi üçin amatly mümkinçilikleri döretmekdir, sebäbi amatly şertleri döretmek we gyzlaryň hukuklaryny goramak gaty möhümdir. Şular ýaly mümkinçilikleriň üsti bilen gyzlar ene, telekeçi, mugallym, tälimçi ýa-da ýolbaşçy hökmünde öz ukyplaryndan peýdalanyp bilerler. Biz olaryň ösüşinde oňyn üýtgeşmeleri görýäris, şonuň netijesinde Türkmenistandaky gyzlar jemgyýetiň işjeň agzalary bolýarlar. Gyzlaryň bilim almagyna maýa goýmak bilen, Medeniýet merkezi bilen bilelikde durnukly geljegi üpjün etmäge synanyşýarys.

Çäre gyzlary wasp edýän sahna oýny, aýdymlar, goşgylar bilen dowam etdi. Dabaranyň soňunda çärä gatnaşanlara ýadygärlik sowgat gowşurylyp, hemmelere hödür – kerem edildi.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: