Aşgabatda Eýranyň we Türkmenistanyň dostluk baýramçylygy geçirildi
Aşgabatda ýurdumyzyň Medeniýet Merkeziniň mejlisler zalynda Eýranyň Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 45 ýyllygy bilen bir wagtda bu baýramçylyk we Eýranyň hem-de Türkmenistanyň dostlugy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Aşgabatda ýurdumyzyň Medeniýet Merkeziniň mejlisler zalynda Eýranyň Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 45 ýyllygy bilen bir wagtda bu baýramçylyk we Eýranyň hem-de Türkmenistanyň dostlugy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
10-njy fewralda ýurdumyzyň Medeniýet Merkeziniň guramagynda bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Aşgabatda ýaşaýan Eýranlylar, pars dili öwrenijiler we olaryň maşgalalary gatnaşdy. Çäräniň başynda Gurhan Kerimden aýat okaldy, soňra Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani iki ýurduň aragatnaşygyna ünsi çekip şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan iki goňşy döwletdir we olaryň aragatnaşygy dürli ugurlarda şol sanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we hususanda jemgyýetde dostluk we doganlyga esaslanýandyr.
Eýran Yslam Ynkylabynyň Beýik ruhy lideri hem Türkmenistany diňe bir goňşy ýurt däl eýsem garyndaş hökmünde görýär we türkmen halkynyň lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhammedow hem Eýran bilen bolan gatnaşygy nakylyň üsti bilen beýan edýär: “Kyýamat güni goňşudan”, ýagny kyýamat güni goňşusyny goňşudan sorajaklarmyş.
Eýran Yslam Ynkylabynyň Beýik ruhy lideri “garyndaş” diýen sözi Türkmenistandan başga hiç bir ýurt üçin ullanmady. Haçanda garyndaş diýenimizde, bu iki halkyň medeniýeti, dini, däp - dessurlary, taryhy, siwilizasiýasy, ulyny sylamak, maşgala mukaddesligi, sungata sarpa goýmak ýaly umumy ynsanperwerlik häsiýetleri, Nowruz baýramy ýaly umumy medeni gymmatlyklar we däp-dessurlar babatda bir bitewi kökleri bardyr diýmekligi aňladýar.
Ruzbahani sözüni dowam etdi: Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň soňky döwürde has-da berkeýänligi guwandyryjy ýagdaýdyr. Iki ýurduň baştutanlary soňky iki ýylyň içinde Tähranda we Aşgabatda birek – birek bilen duşuşdy. Ykdysady ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlyklar örän uly ösüşe eýe boldy. Gatnawlar babatynda hem iki ýurduň raýatlarynyň baryş – gelişi we özara saparlary örän köpeldi. Dostlukly gatnaşyklaryň iň ýokary nyşany bolan medeniýet ugrunda hem geçen bir ýylyň dowamynda birnäçe medeni çäreler bilelikde üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň we taryhy Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň şaýady bolduk. Soňky aýlarda hem Aşgabatda Medeniýet merkeziň we pars dili öwrenijileriniň zähmet çekmekliginde birnäçe medeni çäreler geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti jenap Seýed Ebrahim Resisä we Türkmenistanyň prezidenti jenap Serdar Berdimuhammedowa iki ýurduň aragatnaşygy pugtalandyrmak üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdyp, Eýranyň Gülüstan welaýatynda aramgähi ýerleşýän Mahtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli iki ýurtda hem geçiriljek maslahatlaryň, medeni – dabaraly çäreleriň geçirilişiniň şaýady bolmaklygy umyt etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli sözüniň başynda ähmy myhmanlara hoş geldiňiz diýip, bu dabaraly çäräniň iki milletiň dost – doganlygynyň nyşanydyr diýip sözüni dowam etdi: Şu gün Medeniýet Merkezinde Eýranyň Yslam Ynkylabynyň ýeňişi mynasybetli Eýranyň hem-de Türkmenistanyň dostlugy atly dabaraly çäre geçirilýär. Hakykatda bu çäre iki ýurduň syýasatynda orun eýeläp, iki ýurduň hormatly ýolbaşçylary döwletleriň aragatnaşygyny goňşuçylyk gatnaşygyndan hem has – da çuň hasaplaýarlar.
Rasuli sözüniň dowamynda Eýranyň we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna ünsi çekdi: Eýran dürli taryhy döwürlerde köp hökümet gördi, ýöne Eýranyň taryhynda bolup geçen we biziň ýurdumyzyň hakyky garaşsyzlygyny alamatlandyran wakalar 45 ýyl mundan ozal Ymam Homeýniniň (ra) ýolbaşçylygyndaky Eýranyň halkynyň garaşsyzlygyny gazanmagy başarypdy. Türkmenistan hem 31 ýyl ozal garaşsyzlygyny gazandy.
Garaşsyzlyk ýurtlaryň ösüş görkezijisidir; Garaşsyzlygyň saýasynda ýurtlar baý medeniýetine, adamlaryň ukybyna we milli erkine bil baglap ösüp we öňe gidip bilerler. Bu, Türkmenistanyň halky üçin hem mahsusdyr, sebäbi Türkmenistanyň garaşsyzlygy we bar bolan paýhasly dolandyryş bilen ýurduňyzyň ähli ugurlarda ösüşiniň we özgerişiniň şaýady bolýarsyňyz. Eýranyň halky soňky 45 ýylda garaşsyzlygyny alandan soň ähli ugurlarda ösdi we bu ösüşiň az bölegini Medeniýet merkezinde guralan sergide görüp bilersiňiz.
Rasuli Eýranyň we Türkmenistanyň dostlugy barada şeýle diýdi: Uruşlaryň, adalatsyzlyklaryň we epidemiýalaryň adamlary adaty durmuşdan uzaklaşdyrýan dünýäsinde, bize kömek edip biljek ýeke-täk aýratynlyk dostlukdyr. Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň gadymy taryhy bar. Iki ýurduň taryhy we medeni umumylyklary we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrdy. Bu dostluk, iki ýurduň arasynda medeni-sungat alyş-çalyşlarynyň giňelmeginde, ylmy we akademiki hyzmatdaşlygyň ösmeginde we başgalarda aýdyň görünýär.
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi sözüniň soňunda şu milidy ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanşykly goýulmaklygy sebäpli birnäçe medeni çäreleri bilelikde geçirmeklige we iki ýurduň aragatnaşygynyň has-da berkemegine umyt bildirdi.
Dabaraly çäre Eýran we Türkmenistan baradaky aýdymlar, wideoşekil, sahna oýuny we başga-da dürli çykyşlar bilen dowam etdi. Dabaranyň soňunda Pars dilini gutaranlara şahadatnama, çärede çykyş edenlere we “eýran – Türkmenistan” mowzugynda nakgaşlyk bäsleşigine gatnaşyp, saýlananlara hem ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bu dabaranyň çäginde ýurdumyzyň ylmy - tehniki gazananlarynabagyşlanan sergi gurnalyp, olar nakgaşlyk ýaryşynyň eserleri bilen sergilendi. Medeniýet merkezinde gurnalan sergä ýurdumyzyň ilçisi we başga-da dürli myhmanlar aýlanyp gördi.