• Feb 21 2024 - 11:16
  • 59
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Zenanlar we eneler güni baýramçylygy Aşgabatda geçirildi

Hezreti Patma – Zöhräniň (s) dünýä inmegi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde “Zenanlar we eneler güni” mynasybetli dabara geçirildi.

 

Hezreti Patma – Zöhräniň (s) dünýä inmegi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde  “Zenanlar we eneler güni” mynasybetli dabara geçirildi.

3-nji ýanwarda ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Yslam pygamberiniň (s) gyzy Hezreti Patma – Zöhräniň (s) dünýä inmegi sebäpli, “Zenanlar we eneler güni” mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Bu dabaraly çärä ýurdumyzyň ilçisiniň orunbasary jenap Mahmud Sadegi, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň müdiri hanym Çörekliýewa Gulýa, Aşgabadyň ýaşaýjylary we eýranlylar gatnaşdylar.  Dabaraly çäräniň başynda Gurhan Kerimden aýat okalandan soň, Nawid Rasuli hemmeleri bu şatlykly baýramçylyk bilen gutlap, ähli ylahy dinlerde enäniň ornuna ünsi çekip şeýle diýdi: Ähli ylahy dinlerde şol sanda Yslam dininde enelere uly hormat goýulýar sebäbi ene jemgyýetde ynsanyň mugallymy we terbiýeçisi. Hatda Allatagallanyň iberen Gurhan Kerim kitabynyň aýatlarynda hem enäniň beýikligi barada ýatlanylýar we onuň gymmatly ornuna uly baha berilýär.

Ol çykyşynda enäniň jemgyýetdäki ähmiýeti we ýokary orny barada hem belläp geçdi: Eneleriň bu dünýäde özboluşly orny bar, bir ýurduň geljekki çagalaryny terbiýelemekde olaryň çekýän zähmetini görmesizilikden gelmek bolmaz. Enäniň belent ornunyň ähmiýeti barada Pygamberimiziň (s): "Jennet eneleriň aýagynyň aşagyndadyr" diýmekligi ýeterlikdir. Bu hadys, enäniň razylygy bolmazdan, jennete we behiştdäki nygmatlara ýetip bolmajakdygyny görkezýär.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi sözüni dowam etdi: Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurdunyň arasyndaky umumy medeniýetde "ene" möhüm we hormatlanýan söz, şonuň üçin iki ýurduň alymlary enäniň orny barada köp aýdyp geçdiler. Türkmen halkynyň milli lideri we halk maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedow, hem “Ene” barada kitap ýazdy we ol kitapda her maşgalada enäniň barlygynyň ähmiýeti barada beýan edilýär.

Jenap Rasuli şeýlede ýurdumyzyň zenanlarynyň gazanan üstünlikleri barada belläp, olaryň ene hem-de ýanýoldaş bolmakdan daşary özleriniň we jemgyýetiň has-da öňe gitmesi üçin uly ädimler atyp biljekdiklerini aýdyp sözüni jemledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary Mahmud Sadegi öz çykyşynda Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistanyň  iki ýurduň zenanlarynyň  dürli ugurlarda ýagny medeniýet, ylym, bilim, sungat we sportda işjeňligini ünsi çekip, şeýle diýdi:  Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary hem iki ýurduň medeni umumylyklaryny göz öňüne tutup, iki ýurduň zenanlaryny ähli ugurlarda zähmet çekmeklige çagyrýarlar.  

Jenap Sadegi sözüni dowam etdi: Geçen birnäçe aýyň dowamynda iki ýurduň zenanlaryna degişli meseleler babatda birnäçe işler ýerine ýetirildi we Türkmenistanyň zenanlar guramasynyň eýran Yslam Respublikasyna sapary we ol ýerde halkara maslahata gatnaşmagy ol işlerdendir. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasyndan zenanlar wekiliýetiniň sapary Türkmenistana amala aşyrylmaly we ol saparyň dowamynda hem umumy pudaklar ýagny ylym, medeniýet ýaly ugurlar boýunça gepleşikler geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary çykyşyny, täze ýylyň başynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji bilelikdäki medeni çärä we iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň dürli ugurlarda, esasanam medeniýet pudagynda gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekip, sözüni tamamlady.

“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň müdiri hanym Çörekliýewa Gulýa Medeniýet merkezine şeýle çäräni gurnanlygy üçin sag bolsun aýdyp, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň käbir alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi.

Ol sözüniň dowamynda ene we zenan sözi barada şeýle diýdi: Ene sözi her ynsanyň durmuşynda örän mňhüm söz bolup durýar, sebäbi ene her adamyň ilkinji mugallymy, terbiýeçisi we iň ýakyn dostydyr. 

“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň müdiri, türkmen aýal-gyzlaryň medeniýet, bilim, saglyk we beýleki pudaklarda alyp barýan işlerine ünsi çekdi we jemgyýetçilik guramanyň dürli ugurlardaky işjeň aýal-gyzlara berýän goldawy we öňe gitmek üçin edýän tagallalary barada aýdyp geçip, sözüni jemledi.

Dabaraly çäräniň dowamynda wideo şekil görkezildi. Çäre Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň maýyplygy bolan çagalarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym, goşgy, ene barada ýatlama, sahna oýuny we başgada çykyşlar bilen utgaşyp gitdi.

Baýramçylyk çäresiniň soňunda saýlanan zenanlara, çärede çykyş edenlere Medeniýet merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy we ähli gatnaşan myhmanlara hödür – kerem edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: