Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde akyldar şahyr Nyzamyny ýatlama
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkezinde Eýranly meşhur şahyr, akyldar Nyzamyny ýatlama dabarasy geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkezinde Eýranly meşhur şahyr, akyldar Nyzamyny ýatlama dabarasy geçirildi.
Esfänd aýynyň 20-ne (11.03.2023ý.) şenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Näwid Resuliniň, pars dili öwrenijileriniň we olaryň ene-atalary gatnaşmagynda geçirilen bu dabaraly çärede Gurhandan aýat okalandan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Pars dilli şahyr Nyzamy Genjewiniň hatyrasyna çäräni gurnandygy üçin Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisine minnetdarlyk bildirip aýtdy: Nyzamy pars medeniýeti we dili üçin birnäçe işler etdi we ähli pars dilinde gürleýänler tarapyndan çuňňur hormatlanylýar.
Çykyşynyň dowamynda geçmişimizdäki şahyrlaryň häzirki halk üçin ýerine ýetiren işlerini göz öňünde tutup, sözüni dowam etdi: şahyrlar ýazyjy, orator we şahyr bolmak bilen birlikde, akyldar hem hasaplanýarlar we olar öz pikirlerini şygyr görnüşinde halka ýetirip bilýärler. Şahyrlar daş-töweregindäki ähli inçelikleri poeziýa arkaly suratlandyrýan çylşyrymly, düşünjeli we elmydama pikir ummanynda gezýän sungat adamlarydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda şahsyýetleriň şahyr we ýazyjy hökmündäki orny barada şeýle diýip belledi: Şahyrlar öz sözlerini goşgy we hekaýalar görnüşinde beýan etýärler we aslynda olar her bir ýurduň medeni gymmatlygy hasaplanýarlar. Bu ähli medeniýetler we siwilizasiýalar üçin möhümdir, şonuň üçin häzirki wagtda şahyrlaryň we ýazyjylaryň eserleri bir ýurduň medeniýetiniň esasy çeşmesi hasaplanýar we adamzat jemgyýeti ondan peýdalanýarlar.
Näwid Resuli öz çykyşynda şeýle diýdi: 11-nji mart Eýranyň senenamasynda "Pars diliniň goragçysy" Nyzamynyň ýatlama güni hökmünde hasaba alynan. Bu gün eýranlylarymyzyň milli senenamasynda ady bellenilýän beýik pars dili şahyrynyň gününi gutlaýaryn. Beýik pars şahyry, akyldary 6-njy hijri asyrynyň (biziň eramyzyň 12-nji asyry) romantiki eposlaryny döreden Nyzamy, goşgularynda, Diwanlarynda, kitabynda öz tiresi, dili we milleti barada aýdyp geçipdir.
Näwid Resuli sözüni dowam etdi: Pars sözüniň gadymy ýazgylarymyzda 2 manysy bar ýagny Biri eýranly, beýlekisi parsy. Nyzamy goşgularynda bu 2 manyda 2 pars sözüni köp gezek ulanypdyr we käwagt dil manysynda pars diliniň ýerine Dari dilini hem ulanypdyr.
Eposlarynda we Leýli we Mejnunda we " Mejnunyň kakasynyň ogluny görmäge gidişi" bölüminiň başynda Nyzamy özüni şeýle tanatýar:
Dili we asly Pars bolan daýhan Arabyň halyndan şeýle beýan etýän
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nyzamynyň öz doglan ýerleri baradaky goşgularyna salgylanyp sözüni dowam etdi: Nyzamynyň doglan ýeri barada dürli maglumatlar bar. Şeýle-de bolsa, Nyzamy Genjewiniň Täfreşyň "Ta" obasyndan bolandygy baradaky sözler Nyzamynyň asyl doglan ýeri hökmünde agzalýar. Munuň iň möhüm sebäplerinden biri, meşhur Nyzamynyň bu barada öz goşgusynyň bolmagydyr:
Nyzamy Gänje şaherinde jaýlandy, Emma ol Gom şäheriniň bir obasyndandy
Täfreş şaherinde “Ta” atly oba bar, Nyzamy şol ýerde lakamyny aldy
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nyzamynyň Täfreşli bolandygyna ünsi çekip, bu obadaky Hekim Nyzamynyň adyndaky jaýyň milli ýadygärlik hökmünde hasaba alnandygyny aýtdy we şeýlede Nyzamynyň Täfreş şaherindenligini Şeýh Bahaýi hem öz goşgusynda şeýle belläp geçýär diýdi:
Bu arassa göwheriň asly Täfreşdendir, Ýöne Gänjäniň topragynda jaýlanylandyr
Ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nyzamynyň Eýranlydygy baradaky şahyryň goşgularyna salgylanyp şeýle diýdi: “Şirin we Hosrow” eserinde hem Hosrowyň Sari çeşmesinde Şirini gören ýerinde şahyr şeýle diýýär:
Pars dilinde gürrüň beriji garry , Parslaryň mülkünden şeýle habar berdi
Bu beýtde Parsi han we Parsi dan sözleri “Pars dili” manysyndadyr.
Emma Nyzamy “Şirin we Hosrow” eseriniň “Pärwiziň Hosrowy jaýlaýyşy” bölüminde şeýle diýýär:
Eýran Patşalarynyň däbine görä, Hosrowy ol ýerde oňatja jaýlaň
Şahyr “Leýli – Mejnun” eseriniň “Kitabyň tertibiniň sebäbi” bölüminde şeýle aýtýar:
Pars täze şaý – seplerinde, Bu täze gelin owadan bezeldi
Bilýämiň men şol söz sözleýän adam , Bu täze beýtleri öňden bilýän
Türki sypatlylyk bize degişli däl, Türkana söz sözlemek bizden däl.
Bu ýerde Nyzamy öz dilini Pars dili hasaplaýar. Şeýle-de öz goşgularyny Pars dilinde düzenligini hemde özüni Pars diliniň gadymy makalalaryny we maglumatlaryny bilýän bilermen hökmünde özüni tanyşdyrýar. Hemde şeýle diýip belleýär ýagny men Türki dillerde goşgy düzmedim emma öz atalarymyň dilinde gürrüň berdim.
Näwid Resuli : “sözümiň soňunda şuny bellemek zerur hasaplaýaryn , ýagny Nyzamy öz pikirlerini Pars dilinde giňişleýin beýan edipdir we Bütin Dünýä edebiýatynda uly ähmiýete eýedir we bütin dünýä halklarynyň buýsanjydyr. We hemme halklar bir bolup Nyzamy ýaly şahyrlary Bütin Dünýä tanatmak üçin köp zähmet çekmelidiris” diýip sözüni tamamlady.
Bu dabaraly çäre pars dili öwrenijileri tarapyndan dürli medeni we çeper çykyşlary ýerine ýetirilmegi, "Şirin we Farhad" hekaýasynyň okalmagy, goşgy bäsleşigi we pars dilli şahyryň goşgularyny ýatdan aýtmak bilen dowam etdi.
Eýranly şahyryň hatyrasyna gurnalan dabaranyň soňunda çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar berildi we ähli gatnaşanlara süýjülikler hödür kerem edildi.a
Filmler.