«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak çäresi
Daşary ýurtly alymlara we Magtymgulyşynaslara «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Daşary ýurtly alymlara we Magtymgulyşynaslara «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
10-njy oktýabrda ýurdumyzyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saady gaznasynyň wekili Nawid Rasuliniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Pakistanyň, Türkiýeniň we Türksoý halkara guramanyň alymlarynyň we Magtymgulyşynaslarynyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde ýubileý medaly gowşurmak çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady:
Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belende tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly döwletleriň, şeýle hem beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň teşnesi bolan adamlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Bu çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi Seýedmohammad Seýedali Hosseini şeýle – hem Eýran Yslam Respublikasynyň eýran türkmenleriniň edebiýatyna we medeniýetine bagyşlanan «Ýaprak» çärýekleýin halkara žurnalynyň hem-de «Sähra» hepdelik žurnalynyň baş redaktory Mahmud Marjan ogly Atagözli ýokary derejeli medal Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy tarapyndan gowşuryldy.
Bu dabarada Seýid Muhammet Hosseýni, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragyny Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda umumy şahyr diýip, şeýle belledi: Magtymguly Pyragy Hajy Gowşanda doguldy we Eýranyň Gülistan welaýatynyň Marawetepe etrabynyň "Ak Tokaý" obasynda aradan çykdy. Magtymguly Pyragynyň we kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähleri Marawedepede ýerleşýär. Her ýyl Türkmenistandan zyýaratçylar Eýrana gidip, Magtymguly Pyragynyň we kakasynyň mazarlaryna zyýarat edýärler.
Ol sözüni dowam etdi: Magtymguly Pyragy Gurhany bilýärdi we goşgularynda Hezreti Pygamber (saw) we Ahl al-Baýt (saw) ýaly dini we ahlak şahsyýetlerini, esasanam Hezreti Aly (saw) we Ymam Ryzany (saw) wasp edipdir. Onuň iki ýyl Maryda ýagny Merwde ýaapdyr we Türkmenistanyň halky oňa uly hormat goýupdyrlar.
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen başgada birnäçe alymlar we Magtymgulyşynaslar sylaglandy:
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Neda Leonidowna Berger,
Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Nşanowna Agajanýan,
Nyzamy Genjewi halkara merkeziniň (Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheri) geňeşçisi, Hindistan Respublikasynyň Kaşmir şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nasim Ahmed Şah,
Hytaý Halk Respublikasynyň Niňsiýa uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Çžao Sýaoszýan,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölüminiň Pakistanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly adyndaky birleşiginiň başlygy Mohammad Rahim Kliç,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti Nur Farhat Asifi,
Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri Mikola Waskiw,
Gyrgyz Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri Abdyldažan Amanturowiç Akmataliýew,
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň agzasy Sirojiddin Salyhowiç Saidow,
Özbegistan Respublikasynyň Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty institutynyň edebiýatyň nazaryýeti we häzirki zaman edebiýaty kafedrasynyň müdiri Bahodir Nurmetowiç Karimow,
Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (aşaky palatasy) deputatlaryň etikasy boýunça komissiýasynyň başlygy Faýzullo Baratzoda,
Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Azat daýhan birleşiginiň başlygy Meretkul Awlýakulowiç Gaýypnazarow,
Gazagystan Respublikasynyň L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň türki ylymlar kafedrasynyň professory Amantaý Žaryikasynuly Şarip,
Türkiýe Respublikasynyň Başkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Güzel Abdurahman,
Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersitetiniň dil we taryh-geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň mugallymy Berdi Saryýew,
Russiýa Federasiýasynyň «Moskowskiý literator» gazetiniň baş redaktory Iwan Ýurýewiç Golubniçin,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýew
Ady agzalanalaryň ählisine ýokary derejeli medal Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa tarapyndan gowşuryldy.
Filmler.