• Feb 28 2022 - 12:23
  • 326
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

"Eýrany öwreniş" mowzugy bilen geçirilen makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde "Eýrany öwreniş" mowzugy bilen geçirilen makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde  "Eýrany öwreniş" mowzugy  bilen geçirilen makala ýazmak  bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

 

18-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde Eýran Yslam Respublikasy bilen  Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli  geçirilen  Eýrany öwreniş boýunça makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Bu dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,  Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi, Ilçihananyň harby attaşesi, şeýle hem Türkmenistanyň dürli edaralaryndan we merkezlerinden makala ýazan şahslar gatnaşdylar.  Eýranyň ilçisi, jenap Golamabbas Arbab Hales,  fewral aýynyň iki döwlet  arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýändigini belläp geçmek bilen, şeýle diýdi: “1979-njy ýylyň 11-nji fewralynda Eýranda Yslam Rewolýusiýasy ýeňiş gazandy we bu gün Eýranyň milli güni diýip yglan edildi. Şonuň bilen birlikde, 18-nji fewral Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň güni  we  bu  gün  Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni  bilen gabat gelýär”.  

Ilçi, çykyşynyň dowamynda ýaz paslynyň ýakynlaşýandygyny we  onuň bilen tebigatyň  janlanýandygyny we  adamlaryň  ýaşaýyş-durmuşyna ruhlandyryjy  itergi berýändigini  ýatladyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bu tebigy hadysa meňzeýändigini aýtdy. Jenap Arbab Hales ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisine  Eýrany öwreniş boýunça makala ýazmak bäsleşigiň   fewral aýynda, ýagny  iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýyl dönümi mynasybetli gurnalandygy  üçin minnetdarlyk bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, iki ýurduň ýaşlarynyň goňşy ýurtlar barada has köp zat öwrenmeginiň zerurlygy barada aýdyp,  sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: “Iki ýurduň ýaşlary birek-biregi barada ikitaraplaýyn bilmelidirler, sebäbi ýaşlaryň ähli syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlaryna gatnaşmak üçin zehinleri we güýji bar.  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  2022-nji ýylyň  11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde  ýaşlaryň  özlerinde bar bolan mümkinçiliklerinden peýdalanmaklarynyň ähmiýetini hem nygtady. Munuň üçin ýaşlaryň öz jemgyýeti we töweregindäki jemgyýetler baradaky bilimlerini artdyrmaklary   zerurdyr. Eýran Yslam Respublikasynda hem  ýaşlaryň jemgyýetdäki wajyp orny nygtalýar.   E.Y. Respublikasynyň  hormatly Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň  sözlerine görä, Eýran döwletiniň  maksatlarynyň biri ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir”.

Jenap Arbab Hales  çykyşynyň ahyrynda  Eýrany öwreniş boýunça makala ýazmak  bäsleşigine ýaşlaryň gatnaşmaklaryny belläp we olara minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: “Bäsleşige ýaşlaryň gatnaşmagy  olaryň   beýleki ýurtlary, şol sanda goňşy ýurtlary  öwrenmäge  bolan isleglerine  we  gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär".

Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap  Nawid Rasuli ilki bilen ýygnananlaryň hemmesini  Eýran Yslam Respublikasy bilen  Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady we  çykyşyny iki bölege böldi. Çykyşyň  birinji bölümini iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara bagyşlady we ikinji bölüminde  bolsa   bäsleşik  barada gürrüň berdi:

“1993-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky  medeniýet, ylym we bilim pudagynda  hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäginde  iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk boýunça resminama  gol çekildi we  iki  ýurdyň mejlisleri tarapyndan tassyklandy. Şol ýyldan bäri bilelikdäki medeniýet ugurdaky  maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni  gatnaşyklar   dowam etdirilýär”.

Jenap  Rasuli  çykyşyny dowam etdirip, Gurhany-kerimde  goňşular  bilen gatnaşyklary saklamagyň zerurdygy barada  aýdylýandygyny  we Yslam diniň  döräli bäri  hoşniýetli goňşuçylyk taglymatyň gaýtalanýandygyny nygtady, şeýle hem Pygamberimiziň (s.a.w)  we  Hezreti ymamlarymyzyň  (a.s) hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barada nesihatlaryny  ýatlap, Ymam Ryzanyň paýhasly sözlerinden  bir setir getirdi: “Musulmanlar - beýleki musulmanlar bilen asudalykda  we ylalaşykda,  birek-birege dil ýetirmän  ýaşaýan adamlardyr”.

Soňra bolsa jenap Rasuli iki hoşniýetli döwletler bolan Eýran bilen Türkmenistanyň  goňşuçylyk hukuklaryna özara hormat goýmak ýörelgesine ygrarlydygyny belläp geçip, şeýle diýdi: “Gadymy türkmen dessury bolan “Goňşy okara” dessury türkmen halkynyň mähirliliginiň, myhmansöýerliginiň we jebisliginiň nyşanydyr. Türkmenleriň ynamlarynda we gündelik durmuşynda ýakyn goňşulary  bilen duz-çörek alyşmak ýörelgäniň  möhüm orny eýeleýändigine  düşünenimizde, “Goňşy okara”  dessurynyň  çuňlugyna we pelsepesine düşünip bileris. Türkmen şahyrlarynyň goşgularyna göz aýlasak, Magtymguly, Misgingylyç, Kemine ýaly beýik türkmen şahyrlarynyň käbir goşgularynda  asyrlaryň jümmüşinden gelip çykýan  hoşniýetli goňşuçylyk  mowzugy  öz beýanyny tapýandygyny görýäris. Türkmen halkynyň  goňşuçylyk  gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigine   “Ýer alma, goňşy al” ,   “Kyýamat güni goňşudan” diýen nakyllary aýdyň  subutnama bolup durýar.  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynda goňşy ýurtlar bilen dostluk, doganlyk aragatnaşyklaryň saklanylmagyň  ähmiýetini  ençeme gezek  beýan etdi”. Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  sözüniň ahyrynda döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda  mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirdi.

Jenap Rasuli  çykyşynyň ikinji bölüminde  Eýrany öwreniş boýunça makala ýazmak bäsleşiginiň  geçirilmegi  barada gürrüň berdi: “Bäsleşik ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, dili, däp-dessurlary bilen tanyşmak maksady bilen  geçirildi.  Takmynan üç aý öň, dekabr aýynda,  medeni merkeziň web sahypasynda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen  agzalan  bäsleşigiň geçirilýändigi  hem-de makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylmagy dabarasynyň 18-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasy bilen  Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli  geçiriljekdigini  yglan etdik.   Goňşy ýurt bolan Türkmenistanyň ýaşaýjylary, esasanam ýaşlar,  bäsleşigi höwes bilen makulladylar we ýurduň çar künjeginden 65 makala  gelip gowuşdy”.

Saýlanan iň gowy makalalaryň awtorlary baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp, hormat hatlaryny we baýraklaryny aldylar.

 

مدیر سایت

مدیر سایت

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: