• Dec 22 2024 - 10:15
  • 19
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Aşgabatda Enelere bagyşlanan çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň (s) doglan güni mynasybetli eneler we zenanlar güni bellendi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň (s) doglan güni mynasybetli eneler we zenanlar güni bellendi.

          21-nji dekabrda ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Yslam Pygamberiniň (s) gyzy Hezreti Fateme Zähranyň (s) doglan güni mynasybetli eneler we zenanlar günine bagyşlanan dabaraly çäre bu merkeziň mejlisler zalynda geçirildi.

Bu çäre Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, türkmen zenan telekeçi Ýelena Mergenownanyň, eýran - türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaranyň başynda Gurhan – Kerimden aýat okaldy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani myhmanlary baýram bilen gutlap, şeýle diýdi: Jomadiolsani aýynyň 20-si bütin älem jahanyň enesi Hezreti Fatima al-Zahranyň doglan güni ýagny Eneler güni bu beýik we ylahy hanymyň beýik şahsyýetine hormatdyr. Ene barlygyň düýp manysy we ylahy gözelligiň ýüze çykmagydyr. Çagany dünýä indirýän, edep – terbiýe berýän enedir. Ene, muhabbetiniň ýagyşy, söýgi gunçalary we duýgudaşlyk güllerini ösdürýär we kalbynyň deňeşdirip bolmajak näzikligi durmuşyň ýüreginde täzelik we şatlyk paýlaýar.

Ol çykyşynda Muhammet Hüseýin Şähriýaryň enäniň orny baradaky goşgysyna ýüzlenip, sözüni dowam etdi: Yslam medeniýetinde ene ýokary orny eýeleýär. Hezreti Pygamber (saw) enäniň hakyky orny we mertebesi hakda öeýle diýýär: Jennet eneleriň aýagynyň aşagyndadyr we başga bir ýerde şeýle diýýär: Eneleriň aýak basýan ýeri jennet baglarynyň bagydyr. Baý pars edebiýatynda we medeniýetinde enäniň ýokary orun berilýär.

Ruzbahani sözüni dowam etdi: Şübhesiz, taryhdaky her bir beýik şahsyýete we onuň gylyk-häsiýetine seretsek, ene ýaly päk ynsanyň onuň terbiýeçidigine göz ýetireris we Ymam Homeýniniň (RA) şeýle diýýär: Ene jemgyýetiň terbiýeçisi we aýal-gyzlaryň we bu topragyň geljekki ýolbaşçylarynyň we baştutanlarynyň terbiýeçisidir. Aýallaryň ornuny ynsan döretýän wezipe diýip häsiýetlendirýärler we Zenanlary ynsanyň arzuw hasyl bolmagy diýip bilýärler. Ene - gurmak, ösdürip ýetişdirmek jogapkärçiligi we ukyby bolan wezipe hasaplanýarlar.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi iki ýurtda ýagny Eýranda we Türkmenistanda enäniň orny barada şeýle diýip belläp geçdi: Maşgala, aýal-gyzlara we enelere hormat Eýranyň jemgyýetinde we elbetde Türkmenistanda aýdyň görünýän umumy aýratynlyklaryň biridir. Maşgala ýörelgesine we aýallaryň we eneleriň ýagdaýyna üns bermek Eýranyň we Türkmenistanyň umumy taryhyndan we medeniýetinden gözbaş alýar. Eýranyň we Türkmenistanyň medeni we maşgala yzygiderliligi iki ýurduň ýolbaşçylarynyň bu ugra aýratyn üns bermegi bilen baglanyşykly.

Nawid Rasuli bu güniň eneler güni diýlip atlandyrylmagyna ünsi çekip, şeýle diýdi: Aslynda Pygamberimiziň ýeke – täk yzyny ýöreden perzendi  Hezreti Patma Zähra (S) doglan gününiň eneler we zenanlar güni diýilip atlandyrylmagy, onuň Yslam garaýşynda kämil bir zenan we ene bolanlygy sebäplidir.

Ol ylahy dinlerde enäniň orny barada belläp sözüni dowam etdi: Ähli ylahy dinler, şol sanda Yslam dini, enä uly orun berýär we oňa hormat goýýar. Ene mähir, söýgi, özüňi pida etmek, ene bu onuň aýaklarynyň astynda bolan jenneti we barlygynda emele gelen ýaşaýyş hukugyňy aňladýar; Bu sözler ynsanyň sözleri däl, aýallaryň we eneleriň ornuny adamzadyň iň ýokary derejesi hasaplaýan Gurhanyň aýatlary we hadyslardandyr. Aslynda; bu dünýäde eneleriň her bir ýurtdaky çagany terbiýelemkde özboluşly örän möhüm orny bar, ony bellemän geçip bolmaz.

Rasuli enäni hormatlamaklygy Eýranyň we Türkmenistanyň medeniýetinde barlygyna ünsi çekip, şeýle diýdi:  Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurdunyň arasyndaky umumy medeniýetde "ene" möhüm we hormatlanýan söz, şonuň üçin iki ýurduň hormatly ýolbaşçylary enäniň orny barada öz çykyşlarynda belläp geçýärler. Türkmen halkynyň milli lideri we Halk maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan pars diline terjime edilen "Enä tagzym mukaddeslige tagzym" atly kitabynda enäniň barlygynyň ähmiýeti barada nygtap geçýär. "Ene, söýgi peşgeşini döredýän ýaradylyşy we adamzat sypatlarynyň manysyny aňladýar. Ene sözüniň özi ähli gowylyklary aňladýar we onuň ýanynda gelip biljek ýeke-täk söz söýgidir. Adamyň ähli sypatlarynyň we gowy häsiýetleriniň enäniň barlygynda jemlenendigini we şonuň üçin ol şeýle ýakyn, mylaýym, ýetip bolmajak we mukaddesdigini belläp geçmelidiris. Ene biziň üçin iň gymmatly baýlykdyr we ýanymyzda bolsa, dünýä has-da manyly bolar.”

Rasuli sözüniň soňunda jemagyýetde enä berilýän ähmiýet barada belläp geçdi: Aýallar ene we ýanýoldaş bolmakdan daşary, özlerini we jemgyýetini gowulandyrmak üçin birnäçe işleri ýerine ýetirip bilerler. Bu ýagdaýy Eýranyň we Türkmenistanyň jemgyýetinde aýdyň görüp bileris. Eýranyň we Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň köpüsi hassahanalarda, uniwersitetlerde we beýleki merkezlerde lukman, şepagat uýasy, inžiner, professor, mugallym we başga wezipelerde işleýärler; Iki ýurduň meşhur şahsyýetleriniň köpüsi zenan maşgalalarydyr; Iki ýurduň talyplarynyň ep-esli bölegi hem zenanlar;

Telekeçi Ýelena Mergenowna özüniň gysga çykyşynda enaniň orny barada belläp, eneleri pidakärligiň asyl nusgasydyr diýip aýtdy.

Dabaraly çäre Pars dili öwrenijileriň wideoşekil, aýdym, sahna, goşgy we başga-da dürli çykyşlar bilen dowam etdi. Şeýle-de öz el hünärlerini sergilän enelere we pars dili öwrenijileriň sergä gatnaşan ejelerine, Medeniýet merkeziň zenan maşgalalaryna ýadygärlik sowgat gowşuryldy.

Çäräniň soňunda hemmelere hödür – kerem edildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: