• Dec 24 2022 - 11:40
  • 124
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

"Eýran" aýdym-saz toparynyň çykyşy “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde gyzgyn garşy alyndy

"Eýran" aýdym-saz toparynyň çykyşy “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylandy

"Eýran" aýdym-saz toparynyň çykyşy “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylandy.

29-njy noýabrda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyna gatnaşýan "Eýran" aýdym-saz topary “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň milli sazyny ýerine ýetirdiler.   

Bu dabaraly çärä Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Näwid Resuli, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň medeniýet we sungat wekilleri gatnaşdylar.  “Eýran” aýdym-saz topary tomaşaçylar tarapyndan giňden garşylandy we alkyşlandy.

Bu dabaraly çärede Ysmaýyl Owsändi, Meýsam Gumurlu, Muhammet Täwäkkoli, Äli Pur Ätaýi, Sirus Ärab Geşe, Frank Gumurlu, Leýla Sorh Abadi, Fariba Pur Ätaýi we Irfan Parsanežad çykyşlary ýerine ýetirdiler.  

Ýene – de belläp geçmeli zatlaryň biri 28-nji noýabrda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Tatarstan, Azerbaýjan we Türkiýe ýaly 8 ýurtdan gelen sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň “Mukamlar” köşginde açyldy we 30 – njy noýabra çenli dowam edýär.  

Ýurdumyzyň aýdym – saz toparynyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezindäki dabaraly çykyşy Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri we teleýaýlymlary tarapyndan giňden ýaýlyma berildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: